NESIL SAGLYGY – MÖHÜM WEZIPE

09-01-26

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişe üns merkezinde saklanylýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, derman senagatyny ösdürmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmagyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri berkarar edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik we sport edaralarynda beden hem ruhy taýdan sagdyn, maksadaokgunly, tutanýerli ýaşlary terbiýelemäge möhüm ähmiýet berilýär. Bilim almagyň, akyl zähmeti bilen meşgullanmagyň sport hereketleri bilen sazlaşykly alnyp barylmagy ýaşlaryň diňe bir sagdyn bolmagyna däl, eýsem, olaryň bilimleri özleşdirmeklerine hem oňyn täsirini ýetirýär. Çünki sport ynsanda tertip-düzgünliligi, fiziki we akyl işjeňligi, maksada okgunlylygy kemala getirip, durmuşda üstünlik gazanmaga ýardam edýär. Şol sanda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketleri raýatlaryň saglygyny berkitmäge, iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga hem giň mümkinçilikleri açýar. Sport sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde we watansöýüjiligiň kämil nusgasyny kemala getirmekde hem uly ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak, zyýanly endiklere garşy göreşmek boýunça çäreler hem giň gerimde alnyp barylýar. Dünýäde ynsan saglygyna we jemgyýete ýaramaz täsir edýän närseleriň arasynda temmäki esasy orny eýeleýär. Çünki ol birnäçe howply keselleriň döremegine sebäp bolýar. Adam bedeninde temmäkiniň zäherleýji maddalarynyň täsir etmeýän agzasy ýokdur. Öýken keselleri bilen keselleýänleriň aglabasy çilim çekýänlerdir. Temmäki tüssesi arkaly bedene yzygiderli düşýän zäherli maddalar dem alyş ýollarynda, öýkende, ýürekde, nerw ulgamynda kem-kemden näsazlyklaryň, soňlugy bilen, howply keselleriň döremegine alyp barýar. Çilim çekýän adamyň göreji ir kütelýär. Eşidiş, duýuş we ys alyş ukyplary wagtyndan öň peselýär. Bulardan başga-da, olaryň çagalarynyň arasynda dürli dogabitdi näsazlyklar we kemçilikler bilen dogulmak ähtimallygy ýüze çykýar. Bu ugurda hereket edýän “Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakyndaky” hukuk resminamalarynda hem adamlaryň saglygy, ömrüniň howpsuzlygy bilen bagly meseleler ileri tutulýar.

Ýörite kanunlar esasynda çilimkeşlige we beýleki zyýanly endiklere garşy göreşmek maksady bilen ýurdumyzda düýpli işler amala aşyrylyp, ata Watanymyz Ýer ýüzünde ýaramaz endiklerden arassa döwlet hökmünde göreldedir. Türkmenistan temmäki tüssesinden azat döwlet hökmünde BSGG-niň ýörite güwänamalaryna hem mynasyp boldy.  Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 2005-nji ýylda Temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýany kabul etdi. Türkmenistan bu Konwensiýa 2011-nji ýylda goşuldy. Halkyň saglygyny berkitmek, temmäkini ulanmak ýaly ýaramaz endikleriň garşysyna alnyp barylýan göreşi güýçlendirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ilatyň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak babatda yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Türkmenistan, dünýä derejesinde alanyňda, temmäki önümlerini ulanmakda iň pes görkezijä eýe bolmak bilen, ynsan saglygyna zyýan ýetirýän bu wehimden azat ýurt hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyza bu ugurda halkara guramalar tarapyndan berlen güwänamalar hem tassyklaýar.

Bu gün ýaş türkmenistanlylaryň sporty özlerine hemra edinip, dünýäniň sport äleminde şöhrat gazanmaklary Watanymyzda bu ugurda ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň ajaýyp miwesidir. Uly üstünlikleri bilen Watana şan getirýän türgenlerimiziň Şa serpaýlaryna eýe bolmaklary-da bagtyýar türkmen ýaşlarynyň durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Bu bolsa raýatlaryň saglygyny gorap saklamak babatda edilýän uly tagallalaryň, şonuň ýaly-da bagtyýar nesilleriň ruhy taýdan sagdyn bolmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň esasynda gazanylýar.

Türkmen ýaşlarynyň ýokary derejede bilim almaklaryna, beden taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikleri döredip berýän, bu babatda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan her bir tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Maral ŞYHLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet pediatriýasy kafedrasynyň müdiri.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.