SAGLYGYŇ SAKASY HEREKETDEDIR

08-01-26

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk getirmek, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň göwrümli işlere, şol sanda döwrebap özgertmelere badalga berildi. Saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde durýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere laýyklykda häzirki zaman döwrebap we ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak bilen, saglygy dikeltmegiň hili gowulandyryldy, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatynda uly ösüşler gazanyldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak hem-de raýatlarymyzyň saglygyny goramak babatda ähli mümkinçilikler döredilendir. Innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamy döredildi.  Ata Watanymyzda alnyp barylýan sagdyn durmuş ýörelgeleri öňümizde goýan maksatlarymyza we arzuwlarymyza ýetmäge kömek edýär. Sagdynlyk, berk bedenlilik, sagdyn durmuş ýörelgesi - bularyň hemmesi adamyň uzak ýaşamagyna we ýaşan ömrüniň lezzetini duýmaga kömek edýär.

Saglyk - bu her bir adamynyň, maşgalanyň, jemgyýetiň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Sagdyn iýmitlenmek - beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, işjeň, doly bahaly ýaşaýşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Alymlaryň bellemegine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olar - fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen adamlar dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň öňüni alyp bilýärler.

Adam bedeni hemişe hereketde bolmalydyr. “Saglygyň sakasy hereketdedir” diýilmegi tötänden däldir. Günüň dowamynda 5 sagatlap oturýan adamlaryň bedende gan aýlanyşygy peselýär. Fiziki türgenleşik madda çalşygyny, beden gan aýlanyşygyny gowulandyrmak bilen holesteriniň mukdarynyň azalmagyna getirýär. Uly adamlar günüň dowamynda azyndan 10 müň ädim ýöremelidir. Şeýle-de hepdede 5 sapar ylgaw, ýüzüş we sportuň beýleki görnüşleri bilen 1 sagada golaý meşgullanmak peýdalydyr. Günüň dowamynda 30-45 minut bedenterbiýe bilen meşgullanmak uzak ýaşamagyň syrydyr. Yzygiderli sport we bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamyň ýokanç kesellerden goranmak ukyby ýokary bolýar.

Adamyň hökmany suratda hünärine laýyklykda günde, hepdede we ýylda dynç almagy zerurdyr. Mysal üçin, agyr fiziki zähmetden soň dynç almak, ukyňy almak, gyzykly kitap okamak. Eger-de işiňizde akyl zähmeti bilen meşgullanyp, köp oturýan bolsaňyz sport merkezlerine gatnamak, arassa howada gezelenç etmek maslahat berilýär. Biziň ýurdumyzda sportuň hemme görnüşleri bilen işjeň meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şäherlerde we obalarda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen sport toplumlary hereket edýär. Ýurdumyzda şypahana ulgamyny has-da ösdürmek, şypahana-bejeriş we sagaldyş-dikeldiş usullarynyň hem-de hyzmatlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze we netijeli görnüşlerini giňden ornaşdyrmak, olaryň hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, geljekde şypahana ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň saglyk taglymatyna laýyklykda we dünýäniň lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda beýik özgertmeler amala aşyrylýar. Halkymyzyň saglygy hakynda irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza biziň – saglygy goraýyş işgärleriniň minnetdarlygynyň çägi ýokdur. Häzirki ajaýyp döwrümizde saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda gazanylan belent üstünlikleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Aýgül BAÝGELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.