Il saglygy — ýurt baýlygy

08-01-26

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän  «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli amala aşyrylyp, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzyň çar künjeginde ýokary halkara ölçegleriň ähli talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş, bejeriş-şypahana, sport düzümleriniň desgalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär. Arkadag şäherinde bolsa täze innowasion lukmançylyk klasteri kemala gelýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi saglygy goraýşyň esasy ugurlaryny kesgitlemek we degişli strategiýalary işläp düzmek hem-de ýerine ýetirmek; jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek; daşky gurşawyň arassalygyny gazanmak; ulgamyň guramaçylygyny, dolandyrylyşyny we maliýeleşdirilişini kämilleşdirmek; saglygy goraýşyň ilkinji halkasy bolan saglyk öýleriniň işini täzeden guramak; hassahana, şypahana hyzmatlaryny hil taýdan kämilleşdirmek; Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işini kadalaşdyrmak; derman senagatyny giňeltmek we halkara derejä çykarmak; degişli düzümleri öz kärine ussat hünärmenler, maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek; kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak ýaly möhüm wezipelere esaslanýar.

Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Hünär baýramy mynasybetli halkara serginiň we ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Bu baýramçylyk mynasybetli Milli Liderimiziň, lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Täze saglygy goraýyş desgalary bejerijilik, sagaldyş-dikeldiş ähmiýeti boýunça ilat arasynda uly gyzyklanma eýe bolýar.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan işleriň, durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Ulgamyň işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň bu ugurda birnäçe maksatnamalary tassyklamak, täze saglygy goraýyş edaralaryny döretmek we gurmak bilen bagly resminamalara gol çekmegi hem munuň aýdyň güwäsi boldy.

Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamy hemmetaraplaýyn göwnejaý kämilleşdirilýär, ilatyň arasynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejeriş işlerini geçirmekde dünýä lukmançylygynyň iň täze gazanan usullary ornaşdyrylýar. Aşgabat şäherinde, welaýatlarda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen abzallaşdyrylan saglygy goraýyş — öňüni alyş hem-de sagaldyş edaralary, şypahanalar, derman kärhanalary ulanylmaga berilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ylym hem-de bilim ulgamlary innowasiýalara we tehnologiýalara esaslanýan täze gazananlar bilen baglanyşykly ýokary depginler bilen ösýär. Bu ugurlara döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. 

Täze bilimleri we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, hünärmenleriň hem-de alymlaryň täze ylmy işläp taýýarlamalaryny, ylmyň soňky gazananlaryny, oýlap tapyşlary milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Hususan-da, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylymda we tehnologiýada alnyp barylýan işleriň birnäçe esasy ugurlary bilen birlikde, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary ýaly ileri tutulýan ugurlarda bilelikde ylmy barlaglaryň ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berýär. 

Alym Arkadagymyzyň görkezmelerinden ugur alyp, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okatmagyň usulyýeti, şol sanda tejribe we barlaghana sapaklary yzygiderli kämilleşdirilýär. Okuw derslerine okatmagyň iň netijeli we täzeçil usullaryny gyssagly ornaşdyrmaga gönükdirilen işler alnyp barylýar. Täze usul boýunça tejribe sapaklarynyň esasy maksady we wezipesi talyplarda kliniki pikirlenmäni, özbaşdak çözgütleri kabul etmek ukybyny ösdürmekden, okuw-ylmy edebiýatlara syn bermek, döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň işi bilen baglanyşykly hünär endiklerini ele almakdan, hünärmenleriň dünýä garaýşyny giňeltmekden ybarat bolup durýar. 

Häzirki zaman lukmançylygy we dermanlyk serişdeleriň önümçiliginiň tehnologiýasy, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika ýaly mowzuklar bar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde zerur işler alnyp barylýar.

Häzirki döwürde okuwyň diploma çenli we diplomdan soňky taýýarlyk tapgyrlarynda ylmy-kliniki merkezleriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Ozal habar berlişi ýaly, uniwersitetiň binýadynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi, Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi we Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi açyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, lukmançylyk biliminiň, ylmynyň we amalynyň bir ýerde jemlenmegi, şol ugurlardan innowasiýalary utgaşykly, bilelikde ornaşdyrmaga hem-de hünärmenleri täzeçil taýýarlamaga giň mümkinçilikleri berýär.

Halkynyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Berkarar Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirjek beýik başlangyçlary has-da rowaç alsyn!

Aýna ANNAORAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.