Bedenterbiýe-sagaldyş hereketi — sagdyn durmuşyň kepili
07-01-26
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan döwletimizda halkymyzyň saglygy goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyçlary ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz sport enjamlarynyň her haýsynyň özboluşly aýratynlygynyň bardygyny, olaryň bedeni taplamagynda, adam saglygyny pugtalandyrmakda örän ähmiýetlidigini belleýär.
Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligine degişli pudaklaryň hünärmenleri, talyp ýaşlary dynç günleri Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýolunda gurnalýan ýörişlere äkitmekligi hem ruhubelentligiň nyşanydyr. Şeýle ýörişleriň her dynç günlerinde guralmagy raýatlaryň arasyndaky sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge endik etdirýär. Sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagz etmek boýunça paýtagtymyzda, welaýatlaryň sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliklerinde hem dürli çäreler alynyp barylýar.
Häzirki möwsümleýin keselleriň ýüze çykýan döwründe halk lukmançylygynyň usullaryna ýüzlenmek maksadalaýykdyr. Ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňini almakda Hormatly Prezidentimiziň köp jiltli “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplarynda türkmen tebigatynda bitýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berilýär.
Beden maşklaryny ýerine ýetirmek saglygy berkitmek bilen bir hatarda, adamlaryň asylly işlere, döredijilik we zähmet üstünlikleriň, gyzyklanmalaryň artmagyna ýardam berýär. Soňky ýyllarda bu ugurda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirlen sport toplumlary we beýleki desgalar guruldy. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketi hem-de sport adamlaryň, ilkinji nobatda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, giň garaýyşly, berk bedenli bolup ýetişmeklerine, watançylyk duýgularyň artmagyna ýardam edýär.
Jemgiýetçilik saglygy goraýyş we ilkinji kömek maksatnamasynyň çäginde ilatyň arasynda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, lukmandan deslapky ilkinji kömegiň endiklerini öwretmek we ýol hereket howpsuzlygy boýunça okuwlary geçirilýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça alnyp barylýan işler adamyň janyny we ömrüni goramaklygy gönükdürlendir. Bu işler esasan hem mekdeplerde we çagalar bagynda alyp barylýar.
Türkmenistan milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp maksatly ulgam derejesini berdi.Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerili işler durmuşa geçirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär.
Şäher we oba saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça edilýän saglygy goraýyş hyzmatlary kämilleşdirildi. "Saglyk” döwlet maksatnamasynyň netijesinde ähli ýaşdaky raýatlaryň keselçilik görkezijisi peseldi.
Milli saglygy goraýyş ulgamyny standartlaşdyrmak üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň hiline, bejeriş–öňüni alyş merkezleriniň bejeriş–anyklaýyş mümkinçiligine baha bermek maksady bilen kadalaşdyryjy resminamalar, şeýle-de hassahanalaryň derejesine laýyklykda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýeke-täk klassifikatory.
Ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän strategiýa, döwlet syýasatynyň saglygy goraýyş ulgamynda wajyp ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini dünýädäki öňdebaryjy sepgitleri nazara almak bilen özgertmek döwlet syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Onuň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak möhüm bolup durýar.
Goý, halkymyzyň saglygy goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýän, ildeşlerimizi bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadaglyly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýjemal HOMMADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Inçekesel kafedrasynyň assistenti.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.