Saglygy goraýyş ulgamy – döwlet syýasatynyň möhüm ugry

05-01-26

Halkymyzyň saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen, her bir raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, adamyň ömrüni uzaltmakda we şol bir wagtyň özünde, halkara talaplara laýyk gelýän, maddy tehniki üpjünçiligi ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmakda döwlet tarapyndan ägirt işler amala aşyrylýar.

Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça milli maksatnamalary işläp taýýarlamak we amala aşyrmak, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ornaşdyrmak saglygy goraýyş ugrundaky döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölekleri bolup durýar. Türkmenistan adamy we onuň saglygyny goramak baradaky halkara resminamalara goşulýar we ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalary bilen işjeň gatnaşyk saklaýar. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, ÝUNISEF ýaly guramalar bilen ähli babatda, şol sanda lukmanlaryň hünärini kämilleşdirmek meselesinde hem hyzmatdaşlyk edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda her bir raýatyň we ýaş nesilleriň saglygyny berkitmek we öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak işine has işjeň gatnaşmak ugrunda uly işler amal edilýär we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, telewideniýe we radiogepleşikleriň hem-de jemgyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň, çagalar baglaryna gatnaýanlaryň we olaryň ene-atalarynyň arasynda düşündiriş-öňüni alyş çäreleri işjeňleşdirilýär we ýokanç kesellere garşy göreşmek barada wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, adam saglygy hakynda edilýän aladanyň bimöçberdigini gündelik durmuşymyzda aýdyň görmek bolýar. Mundan beýläk-de, adam saglygy bilen baglanyşykly ýetilen sepgitler geljekde hem öňde goýlan wezipeleri oňyn çözmek üçin esas boljakdygy bellärliklidir.

Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň köp dillerine terjime edilen düýpli ylmy işi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby diňe bir ýurdumyzyň farmasewtika ylmyny ösdürmekde däl, eýsem, dünýä boýunça fitoterapiýanyň ösdürilmeginde hem möhüm ädim boldy. Bu ylmy iş Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň ensiklopediýasydyr.

Ýurdumyzda her bir raýatyň saglygyny goramaga we berkitmäge bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek maksady bilen, maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylmagyny; sagdyn ilatyň emele gelmegine oňyn täsir edýän şertleriň döredilmegini; keselleriň öňüni almagyň ýokary derejede ösdürilmegini; amaly lukmançylyga täze ylmy açyşlaryň, innowasion usullaryň ornaşdyrylmagyny; ilata ýokary tehnologiýaly lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliliginiň üpjün edilmegini özünde jemleýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler geçirilýär.

Saglyk gözelligiň sakasydyr. Sagdyn jemgyýet ‒ sagdyn döwletiň özenidir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda kabul edilýän milli maksatnamalar halkymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň düzüm bölekleriniň biri bolan, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu işler ilatymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Öz halkyny abadançylygyň hem berkararlygyň täze belentliklerine tarap okgunly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Göwher GARAJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.