Daşky gurşawyň goragy — sagdyn durmuşyň özeni
05-01-26
Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde eden çykyşynda ekologiýa meseleleri boýunça umum adamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürdi. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň abraýly münberinde beýan eden ekologiýany gowulandyrmak baradaky başlangyçlarynyň ähli halk goldawyna eýe bolandygyna begenjimiziň çägi ýok. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ekologiýa syýasatynyň netijesinde, ajaýyp seýilgähleriň we tokaýlaryň meýdany barha giňelýär. Saýaly, miweli agaçlaryň ekilmegi netijesinde güneşli Diýarymyz ýyl-ýyldan bagy-bossanlyga öwrülýär.
Häzirki döwürde bütin Ýer ýüzünde ekologiýa meseleleriniň iň esasylarynyň biri atmosfera howasynyň zyýanly gazlardyr dürli tüsseler bilen hapalanmagydyr. Ol hem adamyň hojalyk işiniň netijesinde emele gelýän galyndylaryň daşky gurşawa zyňylmagy bilen ýüze çykýar. Aýratyn hem iri zawod-fabrikleriň, energetika toplumlarynyň hem-de ulag ulgamynyň atmosfera goýberýän zyýanly tüsseleri biziň dem alýan howamyzy hapalaýar. Ýurdumyzda häzirki wagtda täze gurulýan we öňden bar bolan senagat kärhanalarynyň durky täzelenende, olarda dünýäniň iň öňdebaryjy, kämil, häzirki zaman tehnologiýalary we arassalaýyş desgalary oturdylýar. Ol ýokary hilli önüm öndürmek bilen çäklenmän, daşky gurşawa çykarylýan zyňyndynyň mukdaryny azaltmaga hem mümkinçilik berýär.
Tebigatyň iň ajaýyp gözellikleriniň biride baglaryň ekologik ähmiýetidir. Olar fotosintez hadysasyny geçirýärler, atmosferada kislorodyň mukdaryny artdyryp, kömürturşy gazynyň hemişelik mukdaryny saklaýarlar. Ýene-de agaçlar howany dürli zäherli gazlardyr, tozandan arassalap, şol ýeriň mikroklimatyna täsir edýär.Ylmy maglumatlara görä, baglar sesiň 25 desibelini özüne siňdirip, 75 göterimini yzyna serpikdirýär. 1 ga agaç tokaýlygy howanyň 18 million kubmetrini dürli hapa galyndylardan arassalaýar. 1 düýp agaç bir günüň dowamynda 1 kg tozany özüne siňdirýär ýa-da bir gije-gündizde 300 kg golaý suwy bugartmaga ukyplydyr. Uzak ýaşan bir agaç 2,5 kg kömürturşy gazy sorup, 1,7 kg kislorody tebigata bölüp çykarýar, ol bölünip çykan kislorod 64 adamyň bir günde dem almagyny üpjün edýär.
Miweli we saýaly baglaryň bar ýerinde topraga ýel we suw eroziýasynyň sezewar bolmak howpy abanmaýar. Bag ekilen ýeriň mikroklimaty saglyk üçin örän peýdalydyr. Olar çägäniň süýşmeginiň öňüni almak bilen ýeliň güýjüni hem peseldýär. Ondan başga-da ekerançylyk meýdanlarynyň gyralarynda tut zolagynyň döredilmegi has ähmiýetlidir. Suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrýar, sebäbi tut agajy biologik zeýkeş hökmünde ekin meýdanlarynda ýerasty suwuň derejesini howpsuz ýagdaýda saklaýar, ýel we suw eroziýasyndan goraýar, açyk zeýkeşleriň tutýan meýdanyny azaldýar. Ol hem suwarymly ýerleriň peýdaly ulanyş koeffisiýentini ýokarlandyrýar. Ekin meýdanlarynyň gyralaryndaky tut agaçlary ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmekde, ýüpek gurçugyny idetmekde hem ähmiýetlidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baglara ideg etmäge, agaç nahallaryny oturtmaga uly üns berilýär. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde müňlerçe miweli, saýaly, bezeg agaçlary ekilýär, bar bolan baglar timarlanýar.
Her ýylda iki gezek köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň yzygiderli geçirilmegi, diňe bir ýurdumyzyň ilatynyň saglygy, rahatlygy babatda ähmiýetli bolman, daş-töweregiň gülzarlygyny, topragyň, howanyň arassalygyny, tebigatyň gözelleşmegini, bütin dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak işlerdir.
Tebigaty, daşky gurşawy, ösümlik-haýwanat dünýäsini goramak, ekologik syýasatyny giňden ýaýbaňlandyrýan, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt ähmiýetli işleri rowaç alsyn!
Menzil NURMYRADOWA,
Myrat Garryyew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.