Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri — ýurdumyzyň tebigy dermanhanasy
09-01-26
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly baştutanlygynda başy başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalar eziz Watanymyzyň ilatynyň saglygyny ählitaraplaýyn goramaga, ýaşlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giňden çekmäge ýardam edýär. Bu maksatnamada bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň işgärleriniň bitirýän hyzmatlary diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem dünýä döwletleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ugrunda nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda maşgala lukmançylygyna geçilmegi bilen, keselleriň öňüni almaga, olary başlangyç döwründe ýüze çykaryp, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji basgançagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, maşgala lukmançylygyny has kämil derejä çykarmak üçin döwlet tarapyndan ähli şertler we mümkinçilikler döredildi.
Çagalaryň saglygyny goramak maksady bilen, häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş merkezleri gurulýar. Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertler munuň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagta çenli bu merkeze ýüz tutan onlarça çaga degişli ugurlar boýunça toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergileri geçirildi. Bejergileriň oňyn netije berýändigini belläp, çagalaryň ata-eneleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyşlaryny aýdýarlar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen şeýle çagalary terbiýelemek, ýaşlaryň ýörite orta, ýokary bilim almaklary, ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegi bilen bagly meseleler hem döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar.
Lukman Arkadagymyzyň keremli topragymyzda ösýän ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdaly melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopedik kitaby diňe bir lukmanlaryň ýankitaby bolman, eýsem, halk köpçüligi üçin hem gymmatly gollanma öwrüldi. Bu ajaýyp kitaplar ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, türkmeniň milli gymmatlygyna öwren halk lukmançylygyny, tebigy melhemler babatdaky garaýyşlaryny dünýä ýaýdy.
Golaýda paýtagtymyzda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerine neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi.
Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam edýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Bu eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem goşant goşar.
Şeýlelikde, ýurdumyzda sagdyn durmuş bilen bagly geçirilýän çäreler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, sagdynlygyň hem-de parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara sport hereketiniň taglymlaryna ygrarlydygyny ýene bir gezek aýdyň görkezýär.
Oguljemal BABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyñ assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.