Saglyk — ynsan üçin iň gymmatly baýlyk
05-01-26
Durmuşyň hözirini görüp, emin-erkana ýaşamak, zähmet çekmek, döretmek üçin ynsana, ilkinji nobatda, jan saglyk gerek. Filosofiýanyň ägirdi Platonyň sözi bilen aýtsak, saglyk hemme zat däl, emma hemme zat saglyksyz hiç zat. Şu ýörelgeden ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen bagly tutumlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär.
Ata Watanymyzda adam hakyndaky alada esasy orunda goýlup, onuň saglygynyň ygtybarly goralmagy üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýşy ösdürmäge, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugurda alnyp barylýan köptaraply işleriň täze derejä çykmagy bolsa aýratyn buýsançly ýagdaýdyr.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän düýpli özgertmeler dowamly häsiýete eýe bolup, täze hassahanalary, bejeriş-sagaldyş edaralaryny gurmaga, olary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alsak, düýn paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň, 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsanyň baş baýlygynyň — saglygynyň mäkäm goraglylygy ugrunda uly alada edilýändigini görkezdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabaralary uly ruhubelentlige beslendi.
«Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip belleýän hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzda gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik babatda ýokary ölçeglere, milli äheňlere laýyk bolmagyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik-gurluşyk taslamalary işlenip düzülende, dünýäde gazanylan oňyn tejribeler, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy inženerçilik, binagärlik, bezeg işläp taýýarlamalary işjeň ulanylýar. Şol bir wagtda taslama we binagärlik işleri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ýaşlary bu işlere çekmäge uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa saglygy goraýyş maksatly binalaryň halkara hil ölçeglerine we talaplaryna doly laýyk gelmegini şertlendirýär.
Täze taryhy eýýamda Aşgabat şäherindäki Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi we köpugurly hassahana, Balkan welaýatynda iki sany köpugurly hassahana, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly hassahana we onkologiýa hassahanasy hem-de başga-da köp sanly saglygy goraýyş edaralary ilata halkara standartlara laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge gönüden-göni ýardam berýär. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlary bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny täze derejelere çykarar. Gurluşygy ýokary depginlerde dowam etdirilýän Aşgabatdaky Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Stomatologiýa merkezi, şeýle hem «Arçman» şypahanasyndaky täze goşmaça binalar toplumy milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetirer.
Bilşimiz ýaly, biz halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, onuň gadyryny bilmek babatda asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşaýarys. Mähriban Diýarymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny goramak maksady bilen gurulýan binalardyr desgalaryň üsti ýetirilip durulýar. Saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, halkara ölçeglere laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezleriň, köpugurly hassahanalaryň, şypahanalaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi, olarda döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, keselleriň döremeginiň öňüni almaga ýardam berýär. Munuň özi ýurdumyzda halk we onuň abadan hem sagdyn durmuşy barada edilýän aladanyň aýdyň beýanydyr.
Goý, ata Watanymyzda raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak, berkitmek, oňat dynç almagyny üpjün etmek ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Seýdi ÖWEZGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.