Bal balanyň ganaty
12-10-25

Her bir enäniň arzuwy perzent bilen ýaşaýar. Megerem enäniň mukaddesligi perzendine bolan yhlasynda we söýgisinde bolsa gerek. Sagdyn çaga her bir enäniň "Buýsanç baýdagy - köňül guwanjy". Mähriban ene öz arzuwlaryny balasyna özüniň hüwdüsinde, ak patasynda beýan edýär. Men kiçijek wagtym ejem maňlaýymdan ogşap: "Ak balam, bal balam, sen meniň daýanjym balam, seniň il halar, päk ýürekli adam bolmagyň iň uly arzuwym balam" diýerdi.
Bu sözler meniň halkyma, Watanyma gerekli adam bolmaklygyma itergi berdi we men hassa ýardam bermekden, kesel bejermekden, halka hyzmat etmekden uly bagtyň ýokdugyna göz ýetirdim we lukman bolmaly diýen karara geldim. Bu arzuwymy meniň hossarlarym mähriban käbäm hem gollady. Ine bugün men bagtly ertirime tarap arzuw ýolumdan barýaryn.
Men Myrat Garryýew adyndaky Turkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby. Men bu sözi öwran-öwran uly buýsanç bilen gaýtalaýaryn. Talyplyk döwrümiz gyzykly pursatlara beslenip geçýär. Ussat halypa mugallymlarymyz bize berilýän dersleri dürli gyzykly dersleri öwretmeklige çalyşýarlar. Dürli hassahanalarda anyklaýyş merkezlerde, şypahanalarda, göçme sapaklary yzygiderli gurnaýarlar. Bu sapaklar has täsirli we gyzykly geçýär. Kä halatda özümizi okuw sapagymyzyň arasynda hassahanada bir uly lukman hökmünde görýäris.
Ine-de "Bejeriş bedenterbiýesi" sapagy başlady. Mugallym bilen bugünki dersimizi özleşdirdik we indiki dersde "Ippoterapiýa" taýýarlanlanmaklygymyzy sargyt etdi. Şol pursat biz mugallymdan göçme sapagy gurnamaklygy haýyş etdik. Mugallym teklibimizi goldady we bizi gözel şäherimiz bolan Arkadagda ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky "Atçylyk" toplumyna gezelenje gidip, göçme sapagymyzyň şol ýerde geçiriljekdigini beýan etdi. Biz bu habara diýseň begendik. Ine bu dabaraly gün hem gelip ýetdi. Ajaýyp ýazyň howasy, owadan gülälekli meýdandan salgym ýolda ertekilerde beýan edilişi ýaly "Arkadag" şäherimiziň binalary göründi. Ine-de Aba Annaýew adyndaky Atçylyk toplumyna geldik. Göçme sapagymyz ilki tanyşlyk bilen başlady, gün bilen bäsleşip näzik ýöreýişli dal bedewler biziň öňümizden özlerine seredilýänligine buýsanyp her hili oýunlary etmeklige başladylar. Birden gelen awtobus biziň ünsümizi böldi.
Awtobusdan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalary "Ippoterapiýa" bejergisini almak üçin gelipdirler. Daýanç-hereket ulgamynda bellibir çäklenmeleri bolan körpejeler terbiýeçileriň ýardamyna garaşmazdan özbaşdak awtobusdan düşmeklige başladylar. Durman iki ýana hallan atyp, oýun görkezip duran bedewler, körpejeleri görüp düýpgöter özlerini başgaça alyp bardylar. Olar özbaşdak hatara düzülip çagalaryň deňinde saklandylar we tumşujaklaryny körpejelere uzadyp olaryň sypalamagyna garaşdylar. Ussat seýis bu ýagdaýyň adatydygyny we türkmen bedewleriniň hem ynsanlar ýaly, körpejelere mähirli, mylakatly, rehimlidigi barada gürrüň berdi hem- de körpejeler bedewleriň üstüne oturmaga başlady. Bedewiň üstünde mäkäm ýapyşyp oturan balajyk başardygyndan bedewi gujaklamaga we sypalamaga synanşdy. Ilkinji gezek gowşajyk ýerine yetiren hem bolsa ikinji we üçünji gezekden kämil hereketler duýulýardy. Bu ýagdaýy synlaýan terbiýeçiler begenip, çapak çalyp çagalary goldady.
Daşyndan synlanyňda çaga we bedew özara gürleşip bir bitewilige öwrülen ýalydy. Körpeje rahat oturanyndan soň gulajyklaryny keýkerdip, tumşugyny ýokary galdyryp, dal bedew hamana Görogly begi uly toýa alyp barýan ýaly seresaplylyk bilen owadan hereketleri ýerine ýetirýädi. Başgaça beýan etsek, baldan süýji balalar "Ganatlanyp uçýan" ýalydy. Çagalaryň hereketleri özbaşdak begenip yerine yetirmekligi olaryň bejergisiniň dogrydygynyň subutnamasy boldy. Biziň her birimizde Ippoterapiýanyň saglyga peýdasy barada maglumatlary has içgin öwrenmeklige höwes döredi.
Türkmen bedewi - türkmeniň ganaty. Halkymyzyñ arasynda "Irden tur-da ataňy gör - ataňdan soň atyňy" diýilmeginiň asyl manysy, "Janawer duýgur haýwanyň türkmeniň ganatyna, göz guwanjyna deňelmegi, halkymyzyñ özüniň iň ýakyn syrdaşy saýmaklygy" ýöne ýerden däl bolsa gerek.
Biz ajaýyp zamananyň talyplary. Göwün söýen kärimiziň eýeleri bolmaklygymyz üçin biziň döwletimizde uly şertler döredilýär. Elbetde bu şertleriň sakasynda ýurdumyzyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň uly yhlasy we irginsiz zähmeti ýatyr. Goý, ajaýyp zamanamyzyň şan-şöhraty mundan buýana hem rowaçlyga beslensin! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan il- ýurt bähbitli işleri uly üstünliklere we rowaçlyklara beslensin!
Näzli ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.