Dermanlyk ösümlikleri - saglygyň we rowaçlygyň gözbaşy

12-10-25

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly baştutanlygynda başy başlanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy häzirki wagtda üsünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy, saglygy dikeldiş şypahanalarynyň durky täzelenilip, olaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi, sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Garymanymyz ynsan saglygyny berkitmekde we dikeltmekde dermanly ösümlikleriniň hem uly ähmiýete eýedigini hemişe nygtap geçýär.

Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitaplary muňa doly güwä geçýär. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz kop jiltli kitabyny 2010-njy ýylda ýazmaga girişdi. Türkmenistanda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri barada ýazylan uly göwrümli, çuň manyly, giň halk köpçüligi üçin niýetlenen örän uly ylmy çeşmedir.

Gahryman Arkadagymyz kitabyň döreýşi barada şeýle diýýär: «Bu kitap meniň mukaddes ene süýdi bilen aňyma ornaşan ene topragymyza we mähriban halkymyza hem-de ata-babalarymyzyň bize galdyran mirasyna bolan çuňňur söýginiň netijesinde döredi». Kitabyň esasy maksadynyň lukmanlara, çig mal ýygnaýjylara we saklaýanlara, okyjylar köpçüligine derman ösümlikleri boýunça öz bilimini artdyrmaga kömek bermekden ybarat bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geçmişde uly meşhurlyga eýe bolan lukmanlarymyzyň kitaplarynyň terjime edilip halk köpçüligine ýetirilendigini hem belläp geçýär.

2004-nji ýylda ençeme ýyllap gadymy Köneürgençde ýaşan meşhur lukman Abu Ali Ibn Sinanyň alty tomluk «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly ensiklopedik kitabynyň çap edilendigini, onda 1500 sany ösümlikleriň, haýwanlaryň dermanlyk häsiýetleri barada, şol dermanlyk ösümlikleriň 800-e golaýynyň bolsa heniz hem giňden ulanylýandygy hakynda gürrüň berýär. 1995-nji ýylda Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň (Jürjany) «Tebipçiligiň ýan kitaby» atly kitaby türkmen dilinde çap edildi. Kitapda 200-den gowrak dermanlyk ösümlikleri barada gymmatly maglumatlar berilýär. Bu meşhur alymyň Köneürgenç soltanlary Tekeşiň we Atsyzyň şahsy lukmany bolup işländigini lukman Arkadagymyz belleýär.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaplarynda milli Liderimiz ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary halk lukmançylygynda ulanmagyň usullary barada gymmatly maglumatlary berýär. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendigi hakynda aýdylýar. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk otlaryň endemiki ösümlikler, ýagny dünýäniň hiç bir ýerinde duş gelmeýän ösümliklerdigini hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtap geçýär. Kitaplarda hem dermanlyk ösümlikleriň suratlary, häsiýetnamalary, himiki düzümi, saklanylyşy, dermanlyk gory, peýdalanylyşy barada gyzykly, sada, düşnükli edilip gürrüň berilýär, rowaýatlardyr tymsallar, meşhur alymlaryň ylmy işlerinden mysallar getirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu kitabyny ýazmakda örän köp sanly alymlaryň ylmy derňewlerinden peýdalanypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän dermanlyk ösümlikleriň ylmy ensiklopediýasy diňe bir türkmen okyjylarynda däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döretdi.

Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Hünär baýramy mynasybetli halkara serginiň we ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem giňden bellenilen bu baýramçylyk gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň, 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi, lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Täze saglygy goraýyş desgalary bejerijilik, sagaldyş-dikeldiş ähmiýeti boýunça ilat arasynda uly gyzyklanma eýe bolýar.

Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam edýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Bu eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem goşant goşar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ylmy-ensiklopedik kitaby dünýäniň onlarça dillerine terjime edilip, millionlarça okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Gahryman Arkadagymyzyň köp zähmet çekip ýazan bu köp jiltli gymmatly kitaby diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, dünýä fitoterapiýasynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem uly goşantdyr. Bize şeýle ajaýyp kitaplary sowgat berýän, halkynyň saglygy barada gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gülnara ATAÝEWA, 
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmakçylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

“Dialog – parahatçylygyň kepili”

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.


SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.


ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.


«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere  beslenýär. 


«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.