Merhumlary hatyralamak — sogap iş

03-10-25

Hatyra güni her ýylda hormat bilen bellenilip geçilmegi, ildeşlerimiziň bagtyýar ojaklarynda aýat-töwirleriň okalyp, sadakalaryň berilmegi ýüreklerimizde çäksiz buýsanjy oýarýar. Çünki merdana halkymyz şeýle kyn günlerde-de ruhdan düşmändirler. Birek-biregi goldapdyrlar. Bir döwüm çöregi deň paýlaşyp iýipdirler. Şeýle wakalar uruş ýyllarynda hem bolupdyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten ruhy gymmatlyklarymyza, asylly däp-dessurlarymyza dolanmaga giň mümkinçilikler açyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de gadymy däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge zerur şertler döredildi. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra gününiň bellenilip geçilmegem ýokarda ýatlanymyza mysaldyr.

1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gije Aşgabatda bolup geçen tebigy betbagtçylyk türkmen iliniň başyna apat bolup inipdi. Şol gije bolan güýçli ýertitremesi netijesinde ildeşlerimiziň onlarça müňüsiniň ömür tanapy üzülipdi. Ondan bäri onlarça ýyl geçse-de, bu tebigy betbagtçylygyň salan ýarasy entekler biter ýaly däl.

Watan gerçeklerini ýadyňa salyp duran bu ýere — «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna biz sylag-sarpadan doly göwünlerimizi ýatlamalara eýläp, ellerimiz gülli barýarys. Olara, geçen günlere bolan hormatymyzy gülleriň üsti bilen beýan edýäris. Çünki olar eziz Watanymyzyň hatyrasyna gül ömürlerini pida edipdiler. Gül ýaly durmuşymyzyň dowamat-dowam bolmagy üçin janlaryny gurban edipdiler.Asylly däbine eýerýän dana halkymyz şol gün öten-geçenlerini hormat bilen ýatlaýar we hatyralaýar. Hatyra güni türkmen halky Watan üçin wepat bolan merdana gerçeklerini, öten-geçen ildeşlerimizi hatyralaýar. Sadaka berlip, merhumlarymyzy ýatlamak ýurdumyzyň çar künjeginde bellenilip geçilýän Hatyra gününiň asylly ýörelgesi bolmak bilen, sadakalarda aýat-töwir okalyp, ýagşy doga-dilegler edilýär. Sebäbi, aramyzdan giden dogan-garyndaşlarymyzy hatyralamak bilen sogap iş edilýär. Gadymy we dana halkymyzyň nurana ruhuna mahsus hakyda hatyrasy il-günümiziň geçmişiniň hemme döwründe-de orun alypdyr we bu ýol-ýörelge biziň günlerimizde-de dowam edýär.

Halkymyzyň ahlak ýörelgesi, ruhubelentligi we geljege bolan beýik ynamy ykbalyň ähli kynçylyklaryny ýeňip geçmäge medet berdi. Halkymyz öz taryhynyň agyr synaglaryndan üstünlikli geçip, mähriban Aşgabadymyzy gaýtadan dikeltdi we ony dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine, parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň we abadançylygyň paýtagtyna öwürmegini dowam etdirýär.

Ýurduň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelge bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir.

Adatça, aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi Gökdepe söweşinde hem-de 1941—1945-nji ýyllaryň urşunyň söweşlerinde gurban bolan milli gahrymanlary, beýleki söweşlerde wepat bolanlary, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlary hatyralamak maksady bilen gurlan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna barýarlar.

Şol gün ähli watandaşlarymyz tutuş adamzadyň taryhyna iň güýçli tebigy hadysalaryň biri hökmünde giren Aşgabatda bolan weýrançylygyň pidalaryny, ata Watanymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde baş goýan gerçekleri hatyralaýarlar. Şeýle-de, 6-njy oktýabrda öten-geçenleriň ruhunyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okalýar. Paýtagtymyzda hem-de Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda okaljak ähli aýat-dogalary Beýik Biribar öz dergähinde kabul etsin!

Ogulnabat ÇAŞYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.