Hatyra güni — hakyda güni
03-10-25
6-njy oktýabrda Türkmenistanda gussaly sene — Hatyra güni bellenilip geçirilýär. Ol gün ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlar ýatlanylýar. Türkmen halkynyň taryhynda iň pajygaly wakalaryň birinden bäri 77 ýyl geçdi. Bu waka baradaky ýatlamalar häzire çenli her bir türkmenistanlynyň ýüreginde agyr ýara bolmagynda galýar. 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde, 1 sagat 12 minutda elhenç tebigy betbagtçylyk bir pursadyň özünde owadan hem gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini weýran etdi we ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, her bir maşgala diýen ýaly öwezini dolduryp bolmajak ýitgileri getirdi.
Onýyllyklar geçenden soň, bütin dünýä bu weýrançylyk baradaky hakykaty bildi, biziň halkymyz bolsa milli däp-dessurlara laýyklykda bu pajygaly senäni Hatyra güni hökmünde bellemäge, özüniň öten-geçen ýakynlaryny we hossarlaryny hatyralamaga mümkinçilik aldy. Şu gussaly sene mynasybetli, ýurduň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilip, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar we sadakalar berilýär. Seýle hem Hatyra gününde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirilýär.
Şol pajygaly gijäniň elhenç wakalaryny henize çenli ýadynda saklaýan türkmenistanlylaryň kalplary hasratdan doly, şol wakalaryň şaýatlarynyň berýän gürrüňlerinden bu tebigy betbagtçylygyň getiren hasratlary barada bilýänleriň ýürekleri ynjalanok, çünki şol pajygaly gijede tebigy heläkçilik Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerine gatnaşan, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe – ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhammet Annaýewiň ömür tanapyny üzdi. Onuň ömür ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň we borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Hatyra çäresi nesilleriň dowamatlylygynyň, gadymy türkmen topragynda beýik ata-babalarymyzyň däpleriniň gaýtadan dikeldilmeginiň aýdyň nyşany bolup durýar. Gussada hem, şatlykda hem halkymyz üçin mukaddes ýerlere barmak şol asylly däpleriň biridir. Çünki bu Hatyra gününde halkymyzyň ruhubelentligini has-da artdyrmak üçin nesilleriň bitewi hakydasynyň wajypdygyna, gülläp ösýän ýurtda parahatçylykly ýaşamak we zähmet çekmek bagtyna aýratyn göz ýetirýäris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky, öňküsi ýaly, ata-babalarymyzdan miras bolan däplere eýerip, adalatly, ynsanperwer, asylly işleri amala aşyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyz Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda döredijilikli içeri we daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Döwletimizi mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, türkmenistanlylaryň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň taryhyna täze sahypalar altyn harplar bilen ýazylýar.
Mähriban topraga çäksiz söýgi, bitewülik we agzybirlik, milli ruhuň esasyny hem-de many-mazmunyny düzýän öz güýjüne bolan ynam we ynsanperwerlik agyr synaglardan üstünlikli geçmäge hem-de Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň paýtagty we buýsanjy bolan mähriban Aşgabadymyzy gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň her bir raýatynyň asuda we bolelin durmuşda ýaşamagyny, ertirki gününe bolan ynamyny üpjün etmek baş wezipedir. Ak mermerli paýtagtymyz türkmen halkynyň köp nesilleriniň eziz Watanymyzyň nurana geljegi, bagtyýar ykbaly baradaky arzuwynyň hasyl bolmagydyr
Goý, Beýik Biribar Hatyra gününde okalan ähli aýat-dogalary öz dergähinde kabul etsin! Goý, türkmen topragynda asudalyk we agzybirlik, abadançylyk we rowaçlyk höküm sürsün! Beren sadakalaryňyz kabul bolsun!
Aýgözel MERDANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.