GARAŞSYZLYK — ÖZBAŞDAKLYGYŇ, ERKANALYGYŇ ÝOLY

23-09-25

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, tagallalary bilen ösüşlerden ösüşlere barýan Diýarymyzyň gujagynda bagtyýar zamanada şanly seneleriň şatlygy kalbymyzy gurşap alýar. Her bir güni guwandyryjy wakalara beslenýän ýurdumyzda gazanylýan ösüşler ajaýyp baýramçylyk duýgulary bilen birleşýär. Halkymyza täze durmuşy peşgeş beren mukaddes Garaşsyzlygymyz hem halkymyzyň her ýyl uly dabara bilen belleýän baýramlarynyň biri bolup, özbaşdak, erkana döwletimiziň ähli ýeten sepgitleriniň ilkinji we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetiren ösüş basgançagy boldy.

Türkmenistan bagtyýar, abadan, eşretli durmuşda ýaşaýan adamlaryň mekanyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýy ep-esli ýokarlandy. Türkmen milletiniň ruhy galkynyp, bagtyýar zamana getirdi. Şonuň üçin hem mukaddes Garaşsyzlyk gününi halkymyzyň altyn eýýamynyň başlanýan güni hökmünde dabaraly belläp geçýäris.

Beýik ösüşleri maksat edinip, bedew bady bilen ýagty geljege sary barýan parahat Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda beýik özgertmeleri başdan geçirdi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlary täze, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanýan derejelerde kämilleşdirildi. Aýratynam, soňky ýyllarda ähli pudaklary dünýä ülňülerine laýyk derejede ösdürmek, olarda sanly ulgamy ornaşdyrmak ýaly döwrebap işler amala aşyryldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýä ýüzünde beýik at-abraýa eýe bolýar. Bu günki gün ata Watanymyz, mermer paýtagtymyz Aşgabat dünýä derejesindäki maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Ýurt Garaşsyzlygynyň gazanylmagy bilen taryhy, edebi gymmatlyklarymyz gaýtadan dikeldildi. Milli mirasymyz — maddy we ruhy gymmatlyklarymyz öwrenilip, halkymyzyň baý geçmişi esasynda şu ösüşli günlerine ýetildi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerinde ýeňillikler döredildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täzeçe enjamlar bilen üpjün edilen mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport desgalarynyň, döwlet edaralarynyň binalarynyň ýüzlerçesi gurlup ulanylmaga berildi. Bu işleriň ählisi halkymyzyň durmuşyny gowulandyrmak maksady bilen, şeýle-de ýaş nesliň ylymly-bilimli, täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin edilýän işlerdir, biziň bagtly ýaşaýşymyzy üpjün edýän Garaşsyzlygyň bize beren miweleridir.

Garaşsyzlykdan başlanýan döwletlilik milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde barha kämilleşýär. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Diýarymyzy durnukly ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýar. Bu ösüşli ýol bilen Watanymyzyň öňe gitmegine mynasyp goşant goşmak bolsa her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr.

Halkymyzyň ruhy medeniýetinden gelip çykýan milli ýörelgeleri döwletimiziň garaşsyzlyk derejesiniň medeni esaslarydyr. Garaşsyzlyk parasatly pederlerimiziň arzuw-isleglerinden wysal bolup, halkymyza eşretli durmuşy bagyş etdi. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, hemişelik Bitaraplygy ykrar edilip, mertebesi beýgelen halkymyzyň bu gymmatlyklary bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toyuna barýan ajaýyp pursatdan peýdalanyp, bagtyýar zamanada, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan döwletde şanly seneleri uly dabara bilen bellemäge giň şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Gözel ÇARYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyñ assistenti.

“Dialog – parahatçylygyň kepili”

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.


SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.


ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.


«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere  beslenýär. 


«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.