Garaşsyzlyk — milli buýsanjymyz

18-09-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýik ösüşlerinden, üstünliklerinden ylham alýan mähriban halkymyz agzybirlikde uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýy mynasybetli ýurdumyzda joşgunly baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk görýär. Buýsanç bilen bellemeli wakalaryň biri hem mähriban halkymyz Garaşsyzlyk toýuny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda uly dabara bilen toýlaýar. Bu bolsa baýramçylyk dabaralaryny has-da çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Şeýle ajaýyp toý joşguny bagtyýar ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy bosagada dur. Merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwletli bolmak baradaky asyrlarboýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylyň altyn güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz Türkmenistan döwleti dünýä ýaň saldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Ýadymyzda bolsa, türkmen Garaşsyzlygynyň beýik waspyny ilkinjileriň hatarynda söz sungatynda beýan eden Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Garaşsyz» atly goşgusy bolupdy:

Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde,
Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn!
Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde,
Türkmenistan — ata mekan Garaşsyz!.

Şahyryň bu ajaýyp setirleri häli-häzirlerem hakydalarda aýdym bolup, mukam bolup ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip belläp geçýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly, çuň manyly sözlerinde ata-babalarymyzyň özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky süýji arzuw-maksatlary, ata Watanymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir. Garaşsyzlyk halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam eden mukaddeslikdir.

Garaşsyzlyk — biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň diňe bir ykdysady garaşsyzlygy we durmuş goraglylygy doly üpjün edilmän, medeni mirasymyz, ata-babalarymyzdan galan ruhy, maddy gymmatlyklarymyz, taryhymyz, dilimiz, saz sungatymyz, dinimiz, ajaýyp däp-dessurlarymyz täzeden dikeldildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda çap edilen kitaplarda milli taryh, milli medeniýet, adatlar, däp-dessurlar, türkmeniň beýik-beýik döwletleriniň taryhy, şahslary, edim-gylymlary has giňişleýin şöhlelendirildi. Milli ykdysadyýetimiziň, milli aňyýetimiziň ýörelgeleri, ýurdumyzyň öz döwlet syýasaty işlenip düzüldi. Şol syýasatdan ugur alyp halkymyz, ilki bilen, öz mümkinçilikleriniň çäksizdigini, durmuş-ykdysady ösüşde hem dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykmaga ähli şertleriň bardygyna düşündi.

Şu ýerde möhüm bir zady aýratyn belläp geçmek juda ýerlikli bolsa gerek. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýerine ýetirilen işleriň, durmuşa ornaşdyrylan özgertmeleriň hemmesi halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gije-gündiz çeken ýadawsyz zähmetleri, taýsyz tagallalary bilen amala aşdy. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni baş şygara öwrüp, ähli aýdanlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam etdirýän Gahryman Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň oňyn netijeleri täze döwürde Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilýän miweleridir.

Garaşsyzlyk diýen mukaddes düşünjä bir sözlem bilen jogap bermeli bolanda, Magtymguly Pyragynyň çoh garaşan ajap eýýam baradaky arzuwy wysal boldy diýmek bolar. Şu mukaddes ýörelgeden ugur alyp, abadan durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuny jebislikde toýlaýar.

Goý, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Garaşsyz Watanymyzy ösüşleriň ýokary derejelerine ýetirýän, halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Begli MÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyñ guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.

“Dialog – parahatçylygyň kepili”

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.


SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.


ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.


«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere  beslenýär. 


«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.