Garaşsyzlyk — milli buýsanjymyz
22-09-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýik ösüşlerinden, üstünliklerinden ylham alýan mähriban halkymyz agzybirlikde uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýy barha golaýlaýan baş baýramymyz mynasybetli ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda hem joşgunly baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Buýsanç bilen bellemeli wakalaryň biri hem mähriban halkymyz Garaşsyzlyk toýuny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda toýlaýar. Bu bolsa baýramçylyk dabaralaryny has-da çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Şeýle ajaýyp toý joşguny bagtyýar ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramy bosagada dur. Merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwletli bolmak baradaky asyrlarboýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz Türkmenistan döwleti dünýä ýaň saldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Ýadymyzda bolsa, türkmen Garaşsyzlygynyň beýik waspyny ilkinjileriň hatarynda söz sungatynda beýan eden Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Garaşsyz» atly goşgusy bolupdy: «Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde, Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn! // Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde, Türkmenistan — ata mekan Garaşsyz!». Şahyryň bu ajaýyp setirleri häli-häzirlerem hakydalarda aýdym bolup, mukam bolup ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip belläp geçýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly, çuň manyly sözlerinde ata-babalarymyzyň özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky süýji arzuw-maksatlary, ata Watanymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir. Garaşsyzlyk halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam eden mukaddeslikdir.
Garaşsyzlyk — biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň diňe bir ykdysady garaşsyzlygy we durmuş goraglylygy doly üpjün edilmän, medeni mirasymyz, ata-babalarymyzdan galan ruhy, maddy gymmatlyklarymyz, taryhymyz, dilimiz, saz sungatymyz, dinimiz, ajaýyp däp-dessurlarymyz täzeden dikeldildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda çap edilen kitaplarda milli taryh, milli medeniýet, adatlar, däp-dessurlar, türkmeniň beýik-beýik döwletleriniň taryhy, şahslary, edim-gylymlary has giňişleýin şöhlelendirildi. Milli ykdysadyýetimiziň, milli aňyýetimiziň ýörelgeleri, ýurdumyzyň öz döwlet syýasaty işlenip düzüldi. Şol syýasatdan ugur alyp halkymyz, ilki bilen, öz mümkinçilikleriniň çäksizdigini, durmuş-ykdysady ösüşde hem dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykmaga ähli şertleriň bardygyna düşündi.
Şu ýerde möhüm bir zady aýratyn belläp geçmek juda ýerlikli bolsa gerek. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýerine ýetirilen işleriň, durmuşa ornaşdyrylan özgertmeleriň hemmesi halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolan Gahryman Arkadagymyzyň gije-gündiz çeken ýadawsyz zähmeti, taýsyz tagallalary bilen amala aşdy. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni baş şygara öwrüp, ähli aýdanlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň oňyn netijeleri täze döwürde Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilýän miweleridir.
Garaşsyzlyk diýen mukaddes düşünjä bir sözlem bilen jogap bermeli bolanda, Magtymguly Pyragynyň çoh garaşan ajap eýýam baradaky arzuwy wysal boldy diýmek bolar. Şu mukaddes ýörelgeden ugur alyp, abadan durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuny jebislikde toýlaýar.
Goý, Garaşsyz Watanymyzy ösüşleriň ýokary derejelerine ýetirýän, halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.