GARAŞSYZLYK — GÜLLÄP ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY

22-09-25

Garaşsyzlyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna deňelýän gymmatlyk, türkmeniň Watan içre Watany hasaplaýan barlygy, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşanydyr. Garaşsyzlyk — parahatsöýüjiligiň beýik nusgasy, pederlerden dowam bolan täze eýýamy türkmen ykbalyna ýazan ömrümiziň sowulmajak bahary! Täze döwrüň  — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesilleriniň ýurdumyzyň öňegidişliklerine goşýan çirksiz goşantlary has-da dabaralanýar. Belentden-belent ösüşlere sary ýol alan eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň, senagatynyň her bir pudagynyň ösüşinde ýaşlaryň ornuny görmek bolýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, diňe dogry ýol — watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmegine şert döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy, hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns-aladasy bilen türkmen ýaşlary diňe bir ýurduň geljegi däl, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň öňdebaryjylaryna öwrüldiler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her güni toý, her güni baýram. Ýöne mukaddesligi bilen aýratyn orny eýeleýän Garaşsyzlyk baýramy baýramlaryň täji. Biz bu düşünjäniň mazmunyndan gazanan ýeňişlerimize, ýeten derejämize, eýe bolan bagtymyza doly göz ýetirip bilýäris. Garaşsyzlyk düşünjesi juda belent, örän çuň, ol her bir ynsanyň, jemgyýetiň hem bütin halkyň ykbalyny kesgitleýär. Taryh üçin gysga wagt bolan 34 ýylyň dowamynda Türkmenistan öz syýasaty, ösen ykdysady, täze mazmunly, baý medeniýeti bilen dünýä döwletleriniň arasynda öz mynasyp ornuna eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden hormatly Prezidentimiziň ösüş arkaly parahatçylyk, sebit hem sebitara ylalaşyk, energetika, ekologiýa, ulag meseleleri barada eden teklipleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän içeri hem daşary syýasaty biziň her birimizi buýsandyrýar.

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýy mynasybetli Diýarymyzyň ähli sebitlerinde geçirilýän dabaralarda watandaşlarymyzyň kalplaryndaky mähriban Watanymyzyň şöhratly taryhyna, ajaýyp we bagtyýar şu gününe bolan buýsanjyny, nurana gelejegimize ýagty ynamyny görmek bolýar. Bu dabaralaryň ählisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilik ruhunyň, özgerdiji güýjüniň buýsançly  alamatlary bar.

Garaşsyzlyk — buýsanjymyz. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanyna uludan toýuň toýlanmagy bu mukaddeslige bolan buýsanjymyzy goşalandyrdy. Diýarymyzy toý-baýramlaryň, bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Baky NEPESOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Epidemiologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.