Garaşsyzlyk — edermen halkymyzyň milli buýsanjy

22-09-25

Garaşsyzlyk güni özygtyýarly döwletimiziň berkararlygyny, nesilleriň we döwürleriň synmaz ruhy baglanyşygyny, ata-babalarymyzyň Watanymyzyň Garaşsyzlygy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň jebisligi ugrunda köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýan baş baýramymyzdyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýär. Mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky arzuwy bolan Garaşsyzlyk bu gün edermen halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.

Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary-ýogy 34 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň “Döwlet – adam üçindir!” diýen şygarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.

34 ýyl mundan ozal gadymy türkmen halkynyň erk-islegi amala aşyrylyp, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi hem-de Türkmenistan garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi. Öz Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ýylsaýyn ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär.

Bu gün biz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şan-şöhrata we uly üstünliklere beslenýän döwründe Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenendigini uly ynam bilen aýdyp bileris. Ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilýän baýramlaryň naýbaşysy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däplere, halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine eýerilip guralan Halk Maslahatynyň mejlisi külli türkmeniň göwnüni galkyndyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geçirilen umumymilli forumyň dowamynda berkarar Watanymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna düşen ýyllarynda gazanylan üstünliklere, ýetilen sepgitlere baha berildi.

Ata-babalarymyzyň «Alkyş bilen är dörär», «Halk aýtsa Hak goldar» diýip aýdyşy ýaly,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyz, halkymyz üçin edýän işlerine, bagtyýar ýaşaýan il-ulsumyzyň aýdýan alkyşlary, buýsançlary tükeniksizdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda oňyn özgerişlikler amala aşyrylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Gazanylýan üstünlikler edermen türkmen halkyny has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bularyň ählisiniň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz aladalary durýar. Beýik işleri durmuşa geçirýän, halkymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

                                               Annagözel ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň uly mugallymy.

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.