GARAŞSYZLYK – UÇAR GANATYMYZ
22-09-25
Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda arzuwlap gelen Garaşsyzlygy bu günki gün türkmen halkyna miýesser etdi. 34 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäniň syýasy kartasynda orun alan Türkmenistan döwletimiz bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli hem-de parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, arkalaşykly hereket etmek ýaly syýasatlaryny alyp barýar. Şu günler Berkarar Watanymyz özüniň baş baýramyna uludan taýýarlyk görýär. Bu toýuň tutumy, şatlyk-şagalaňy ulus-ilimiziň baýramçylyk ruhuna ruh goşup, göwünlerine ganat bekleýär. Ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda her bir toý-baýram, şanly seneler uly dabara, şatlyk-şowhun bilen garşylanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýy toýlanylýan buýsançly günlerde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň aýdyň beýanydyr.
Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerini gaýtaryp berdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna goşmaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň depginlerini çaltlandyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz netijesinde belent sepgitlere ýetilýär, ýokary netijeler gazanylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we mähriban halkymyzyň gazanýan üstünlikleriniň her biri bizi buýsandyrýar, göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Munuň özi halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda anyk, netijeli we beýik işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlyk baýramyny ajaýyp zähmet üstünliklerine besleýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň abraý-mertebesiniň göterilmegidir. Garaşsyzlyk — bu eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Garaşsyzlyk bize milli baýramlarymyzy, pederlerimizden gelýän däp-dessurlarymyzy gaýdyp berdi. Ýurdumyz gysga döwrüň içinde asyrlara barabar taryhy ýol geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz dost-doganlygyň, agzybirligiň, jebisligiň has-da gülläp ösýän mekanyna öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda uly dabaralara beslenip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň baş maksady we esasy wezipesi döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, bitewiligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek bolup durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ata-babalarymyzyň eýerip gelen we asyrlaryň synagyndan geçen demokratik ýol-ýörelgeleriniň mynasyp dowamyny emele getirýändigini bellemek guwandyryjydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny baýlaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidigini nygtamak wajypdyr. Çünki bu döwletli maslahatda ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň has-da dabaralanmagy üçin kabul edilýän möhüm kararlardyr çözgütler mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň has-da berkemegine itergi berýär. Watanymyzyň ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Muhammetguly ATAGARAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.