SEBITLEÝIN ÖSÜŞE TÄZE ITERGI

02-08-25

Berkarar döwletimiziň durmuşynda bolup geçýän her bir taryhy waka häzirki döwrüň, geljegiň bähbidine gönükdirilendir. 2025-nji ýy­lyň 13-nji iýu­lyn­da Gah­ry­man Arka­da­gy­myz gu­ra­ma­çy­lyk döw­let to­pa­ry­nyň şu ýy­lyň 4 — 8-nji awgus­ty ara­ly­gyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çykal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar bo­ýun­ça üçün­ji mas­laha­ty­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ba­bat­da geçiren mas­la­haty hem halkara horumyň üstünlikli geçjekdiginiň beýany boldy.

Gu­ra­ma­çy­lyk döw­let to­pa­rynyň mas­la­ha­tyn­da nyg­tal­şy ýaly, ge­çi­ril­jek çä­re­le­riň top­lu­my je­mi 7 sa­ny esa­sy ug­ry öz içi­ne al­ýar. Hu­su­san-da, mas­la­hat bilen ugur­daş­lyk­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň me­de­ni çä­re­le­ri, par­la­men­ta­ra fo­rum, ýaş­lar fo­rumy, ze­nan­la­ryň fo­ru­my we beý­leki çä­re­ler, işe­wür­lik du­şu­şyk­la­ry guralar. Bu­la­ryň äh­li­si äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne tagal­la­la­ry birleşdirmä­ge ýar­dam be­rer. No­bat­da­ky mas­la­hat­da BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň gatnaş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ma­gy­nyň özi-de hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­laryň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni gör­kez­ýär. Mas­la­ha­ta gat­naş­ýan döw­let­ler hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we eda­ra­lar ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­jek çä­re­ler, şol san­da türk­men ta­rapy­nyň ýe­rüs­ti ulag we ara­bag­lany­şyk, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly, ýaş­lar sy­ýa­saty, dur­nuk­ly ener­ge­ti­ka, sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýet bi­len bag­la­ny­şyk­ly gu­ral­jak ugur­daş çä­re­le­ri, te­matik ser­gi­ler, şol san­da türk­men ta­ra­py­nyň gu­ra­jak ser­gi­le­ri fo­rumyň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dy­rar.

Bilşimiz ýaly, hal­ka­ra fo­rum «Hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny gol­da­mak arkaly ösü­şe ýar­dam ber­mek» at­ly mowzuk bo­ýun­ça ge­çi­ri­ler. Mas­la­hat dün­ýä ila­ty­nyň 7 gö­te­ri­mi­ne go­laýy­ny eme­le ge­tir­ýän we 32 ýurt­da ýa­şa­ýan 570 mil­lion­dan gow­rak ila­tyň gel­je­gi bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly örän mö­hüm du­şuşyk bolmak bi­len, deň­ze çy­kal­gasy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­rini he­re­ke­te ge­ti­rer.

Hoşniýetli gatnaşyk, bir-birege bolan ynam, dost-doganlyk is­len­dik ýur­duň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýagdaýlar her bir ýurduň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de ab­ra­ýy­nyň art­ma­gy­ny şert­lendir­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň oňyn Bi­ta­rap­lyk syýa­sa­ty­nyň maz­mu­nyn­da-da hal­ky­my­zyň dur­muş fi­lo­so­fi­ýa­sy, mil­li aňy­ýe­ti, müň­ýyllyk­la­ryň ta­ry­hy ha­ky­da­sy jem­le­nen­dir. Bu ha­ky­kat bol­sa hoş­ni­ýet­li­lik, açyk­lyk, beý­le­ki mil­let­le­re, ola­ryň me­de­ni­ýe­ti­ne, däp-des­surla­ry­na hor­mat goý­mak ýa­ly ýag­şy hä­si­ýet­lerde ýü­ze çyk­ýar. Mu­nuň özi hä­zir­ki şert­ler­de ýa­kyn­da­ky goň­şu­lar, alys­da­ky ýurtlar bi­len hem pa­ra­hat-aba­dan gat­na­şyk­da bol­mak, umu­my ösü­şiň, hem­me­le­riň ýag­ty gel­je­gi­niň ha­ty­ra­sy­na saz­la­şyk­ly, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk et­mek ýa­ly mak­sat­la­ra ýet­me­gi na­zar­la­ýar.  

Bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde hoşniýetli gatnaşyklary, şol bir wagtyň özünde myhmansöýerlik ýörelgesi bilen uly at-abraýa eýedir. Muny sanlyja günden Awazanyň tylla kenarynda ýaýbaňlanjak halkara horum nobatdaky sapar beýan eder.

Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän şanly ýylynda şeýle ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterer. Ata Watanymyzyň dost-doganlygyň hem-de bütin adamzadyň gülläp ösüşiniň hatyrasyna beýik işleriň amala aşyrylýan mekanyna öwren hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Jemal ÇARYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.