Halkara foruma ýokary derejede taýýarlyk
30-07-25
Mälim bolşy ýaly, ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnamanyň kabul edilendigine we dünýäniň 57 döwletiniň şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş edendigine aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekendigi we onda bu maslahaty hem-de onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň bellenilendigini nygtady.
Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we onuň çäklerinde geçiriljek çäreler toplumyny ýokary derejede, talabalaýyk guramak boýunça öňde durýan wezipeleri we ýerine ýetirilmeli işleri kesgitledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiziň Kararyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, türkmen tarapynyň halkara forumyň maksatnamasyny üpjün etmegi; daşary ýurtly myhmanlaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň wekilleriniň ýurdumyza gelmeginiň meýilleşdirilýändigini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, abadanlaşdyrmak, abatlamak, arassalamak we gök zolaklara ideg etmek işlerini ýakyn günlerde tamamlamagy; Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariaty bilen bilelikde halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabarasynyň maksatnamasyny taýýarlamagy; ýokary derejedäki tematik «tegelek stol» mejlislerine we foruma gatnaşjak türkmen wekiliýetiniň düzümini kesgitlemegi hem-de degişli teklipleri bermegi; türkmen tarapyndan guraljak ugurdaş çäreleriň gysgaça konsepsiýasyny we maksatnamasyny taýýarlamagy, olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen hasaba alynmagyny üpjün etmegi; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçirilýän binalarynda türkmen tarapynyň gurajak sergileriniň sanawyny hem-de görnüşlerini kesgitlemegi we olara jogapkär hökmünde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyny bellemegi; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertiniň konsepsiýasyny we maksatnamasyny taýýarlamagy hem-de olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen hasaba alynmagyny üpjün etmegi, milli günler bilen bagly çärelere jogapkär hökmünde Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliklerini bellemegi umumy meseleleriň hatarynda kesgitledi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.