Awaza — täze mümkinçilikleriň we başlangyçlaryň merkezi
30-07-25
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi berkarar döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň hem-de bitaraplyk taglymatynyň bütin dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty ählumumy meseleleri bilelikde çözmekde taryhy ähmiýetli waka bolar.
Ýakynda Gahryman Arkadagymyz BMG-niň bu wekilçilikli maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksady bilen, Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Milli Liderimiz halkara forumda çykyş etjekler, terjimeçiler hem-de onuň geçişini beýan etjek žurnalistler üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini Gahryman Arkadagymyzyň meýletinçi-ýardamçylaryň alyp barjak möhüm ähmiýetli işleri babatda gymmatly maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini bermegi hem-de öňde goýan anyk we aýdyň wezipeleri biziň her birimizi has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrdy. Munuň özi forumda garaljak meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň ähmiýetini dünýä ýaýmakda wajypdyr.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň has-da ilerledilmegi ugrunda Awazada geçiriljek maslahat mümkinçilikleriň we täze başlangyçlaryň netijeli meýdançasy bolup hyzmat eder. Maslahat bilen ugurdaş ýaýbaňlandyryljak Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleri, parlamentara, ýaşlar, zenanlar forumlary we beýleki çäreler hyzmatdaşlygyň, ynanyşmagyň binýadyny has-da berkider.
Ýaşlar syýasaty häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki oňyn başlangyçlary işläp taýýarlamakda, döwletara hyzmatdaşlygy, dost-doganlygy berkitmekde, ykdysady, ynsanperwer, medeni gatnaşyklary giňeltmekde hem-de durmuşa geçirmekde, dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmegine itergi bermekde uly ähmiýete eýedir.
BMG-niň wekilçilikli maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi sözümiziň aýdyň delilidir. Bu forum diňe deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň arasyndaky dialog meýdançasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, üstaşyr geçelgeleri bolan ösüp barýan ýurtlaryň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde, özara tejribe, pikir alyşmakda hem esasy meýdança öwrüler.
Halkara forumy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça ýaşlaryň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň maksatlaryna laýyk gelýän täze Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün eder. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ilatynyň 58 göterimi 25 ýaşa çenli ýaşdaky ýaşlar bolup, olar ägirt uly intellektual mümkinçiliklere we innowasion serişdelere eýedir. Bu ýurtlaryň ilat sany indiki onýyllygyň ahyryna çenli 140 milliona çenli artar diýlip çaklanylýar. Netijede, dünýä döwletleriniň ykdysady-jemgyýetçilik ösüşi ýaşlaryň demografik güýji we döredijilik kuwwaty bilen berk baglanyşyklydyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk işleriniň çäklerinde halkara guramalaryň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler we Bilim ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekillerinden ybarat bolan maslahat topary döredildi we bu ugurda birnäçe duşuşyk geçirildi. Olarda Ýaşlar forumy baradaky Maksatnamanyň hem-de Ýaşlar Jarnamasynyň taslamalary taýýarlanyp, degişli teklipler berildi.
Ýurdumyzda ýaşlara bilim almakda, döretmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdüri.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.