Awaza forumy – parahatçylygyň we dostlugyň maslahaty

30-07-25

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljak hem-de halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrmagyny nazarlaýan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty barha ýakynlaşýar. Bu iri foruma taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatdaky çykyşynda Gahryman Arkadagymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek çäreler toplumynyň ýedi esasy ugry öz içine alýandygyny beýan etdi. Forumyň çäklerinde ýurdumyz tarapyndan möhüm ugurlary öz içine alýan ugurdaş çäreleriň hem birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Şol ugurlar diňe bir ýurdumyzyň däl-de, tutuş Ýer ýüzüniň abadançylygy we gülläp ösmegi üçin derwaýysdyr.

Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda halkara giňişlikde özara ynama, netijeli dialoga we parahatçylyga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmäge ymtylýar. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde Beýik Seljukly türkmen döwletiniň hökümdarlarynyň parahatçylyk söýüji syýasatyna uly ähmiýet berendigi barada şeýle beýan edýär: «Ermeni ýazary Kirakos Gandzakesi Mälik şa uruş we zorluk bilen däl-de, mähir we parahatçylyk bilen dünýäni boýun egdirdi» diýip ýazýar». Parahatçylyk ýeke bir asudalygy däl, eýsem, sazlaşykly ösüş, adam hukuklarynyň goraglylygy, bilim, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligi ýaly esasy durmuş ölçegleriniň jemini-de öz içine alýar.

Esasy maslahat ediljek ugurlaryň biri-de döwletleriň ykdysady, syýasy hem-de durmuş ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan ýerüsti ulag we arabaglanyşyk hyzmatdaşlygydyr. Bu bolsa gury ýerde hereket edýän ähli ulag serişdelerini hem-de olar bilen baglanyşykly düzümleri öz içine alýar. Muňa mysal hökmünde awtomobil we demir ýol ulaglaryny, şäher içindäki elektrik energiýasynda hereket edýän ulaglary, logistika ulgamlaryny, ýükleriň hereketini dolandyrmak we paýlamak ulgamlaryny görkezmek bolar. Arabaglanyşyk bolsa bir ýurduň ýa-da sebitiň çägindäki ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, ýol-ulag infrastrukturasynyň bitewüligini aňladýar. Ol diňe bir söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy däl, eýsem, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hem ösdürmäge mümkinçilik berýär. Geografik taýdan amatly çäkde ýerleşýän Türkmenistan ulag we arabaglanyşyk babatdaky döwrebap mümkinçiliklerini ählumumy abadançylygynyň bähbidine gönükdirýär.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Maýagözel GÜJÜKBAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti.

 

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.