Halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmagyň hatyrasyna
30-07-25
Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi möhüm ähmiýetli wakadyr. Bu, ylaýta-da, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG bilen strategik hyzmatdaşlygynda aýdyň görünýär.
Ýurdumyzyň halkara abraýy bu gün barha ýokarlanýar. Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistany bagtyýarlygyň ýurdy, parahatçylyk merkezi hökmünde tanaýar. Diýarymyzda ykdysadyýetde, medeniýetde, ylym-bilimde, umuman, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň halk hojalygynyň kuwwatynyň we halkara abraýynyň artmagyna alyp barýar. Şunuň bilen birlikde, şol üstünlikler ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimi dünýä derejesine çykarmakda, olary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmekde mugallymlaryň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrýar.
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraýyny has-da belende galdyrjak 2025-nji ýylda öňümizde asylly maksatlara gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. Bu ýyl ähli babatda şanly wakalara baý bolar. Şu ýylyň dünýä we ýurt derejesinde yglan edilen şygarlarynyň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly we meňzeş bolmagynda Türkmenistanyň hem-de BMG-niň özara gatnaşyklary aýdyň beýanyny tapýar. Döwletimiziň daşary syýasat ugry we Milletler Bileleşiginiň işi bütin dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegi maksat edinýär. Çünki parahat durmuş eşretli ýaşaýyşdyr.
Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty ählumumy meseleleri bilelikde çözmekde taryhy ähmiýetli waka bolar. Bu halkara forum jemi 7 sany esasy ugry öz içine alýar. Şu ugurlar boýunça ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň, gazanyljak ylalaşyklaryň özara gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny ynam bilen aýdyp bileris. Şeýle işleriň oňyn netijeleri umumadamzat bähbidine, ýurtlaryň hoşniýetli hyzmatdaşlygy üçin niýetlenendir.
Halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun!
Annabaýram ŞAMUHAMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.