SAGDYN IÝMITLENMEK SAGLYGYŇ SAKASYDYR

01-11-25

Ata-babalarymyzyň paýhasyndan döräp, nesilden-nesle geçip, her birimiz üçin durmuş ýörelgesine öwrülen “Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok”, “Saglyk — baýlyk” diýen parasatly pähimlerden hem görnüşi ýaly, saglyk her bir ynsanyň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak iň gymmatly baýlygydyr. Ynsan durmuşy üçin zerur bolup durýan şeýle baýlygy gazanmak, elbetde, biziň özümize bagly. Çünki ol birnäçe kyn bolmadyk, ýagny biziň başaryp biläýjek düzgünlerimizden gözbaş alýar. Saglyk — bu her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir! Bu jümle her döwürde-de öz döwrebaplygyny ýitirmeýär. Her bir adamyň durmuş ýagdaýy onuň saglygyna baglydyr. Şonuň üçin-de, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek diýseň wajypdyr.

Sagdynlyk şahsy durmuşda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we ýaşaýşyň hilini üpjün edýär. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmelere aýandyr we her bir adama başardýandyr. Gün tertibini saklamak, dogry we oňat gurnalan zähmet, dynç alyşlar we ukyny almaklyk sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär. Çilim çekmeklik, spirtli içgilere ýykgyn etmek — ömri gysgaldýar. Olar adamy tiz garradýar. Tersine, bu endiklerden ýüz dönderilende bedeniň kuwwatlylygy artýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirýän esasy şertler: beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirip, dogry iýmitlenmekdir. Sebäbi şu iki şert özüňi oňat duýup, bagtyýar we çydamly bolmaga ýardam edýär. Sport türgenleşiklerine yzygiderli gatnaşmak wajypdyr. Oňat netijeleri gazanmak üçin bu türgenleşikleri uzak wagtyň dowamynda ýerine ýetirmelidir.

Saglygy goramak üçin arassaçylyk, işjeň hereket, dogry iýmitlenmek, wagtly-wagtynda kadaly dynç almak bilen birlikde ruhuňy belentde tutmak, kalby päklik hem zerur bolup durýar. Durmuşymyzyň her bir pursadyny maksatly işlere sarp etmek, şol üstünliklerimizden lezzet almak hem ömrümizi gözelleşdirýär, şeýle-de, saglygymyza oňyn täsirini ýetirýär.

Saglygy goramak hem berkitmek üçin, ilki bilen, şol barada dogry düşünjäniň bolmagy gerek. Kämil düşünje esasynda saglygyň näderejede gymmatlydygyna we ony berkitmegiň ýollaryna göz ýetirip bolýar. Bu bolsa öz-özünden döremeýär. Sözümiziň başynda hem aýdyşymyz ýaly, akyl hem saglyk iň uly baýlyklardyr. Bu iki düşünje bir-biriniň üstüni ýetirýär. Kitaplar, kämil bilim, ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgeleri saglygy goramagyň ýollaryna belet bolmaga ýardam berýär.

Dogry iýmitlenmegiň talaplaryny doly berjaý etmek biziň ählimiziň borjumyzdyr:

  • Dogry iýmitlenmek — bu beden üçin zerur bolan ýokumly iýmiti kabul etmekdir. Dogry iýmitlenmegiň esasy kadasy çenden artyk iýmezlikdir.
  • Howul-hara bişirilen naharlardan gaça durmalydyr. Süýjülikler hoz, bal bilen çalşyrylsa peýdalydyr.
  • Tebigy önümleri (balyk etini, zeýtun, günebakar ýaglaryny, guş etini, gök önümleri, ir-iýmişleri) iýmäge ymtylmalydyr. Bu önümleriň utgaşdyrylmagy, naharlaryň buglanyp taýýarlanmagy, suwuň ýeterlik derejede kabul edilmegi kada laýyk agramy saklap, semizlikden we ol zerarly döreýän kesellerden goranmagyň girewidir.
  • Oňat we dogry saýlanan iýmitlenme — sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Janyňyz sag, şähdiňiz açyk, ruhuňyz elmydama belent bolsun, mähriban ildeşler!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Berkarar döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň sagdyn durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gunça MÄMMETDURDYYEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.