ÝURDUMYZYŇ PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK ÝÖRELGELERI DÜNÝÄ NUSGADYR

04-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk ösüş ýolunyň beýikligini, dünýä derejeli şan-şöhratyny gaýtadan ýüze çykaran buýsançly zamanadyr. Bu döwürde döwlet durmuşynda-da, jemgyýetçilik durmuşynda-da belent üstünlikler gazanylýar. Durmuşyň özgerýän şertleri adamlaryň aň-düşünjesine, garaýyşlaryna belli bir derejede täsir edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüş maksatnamalary, ýurdumyzyň syýasatynda, ykdysadyýetinde, medeni-ynsanperwer ýörelgelerinde anyklygyň we kesgitliligiň ýüze çykmagy halkyň geljek baradaky ynamyny has-da berkidýär. Gahryman Arkadagymyzyň kemala getiren, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam edýän parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasaty ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň daýanjydyr, gazanýan ýeňişlerimiziň gözbaşydyr.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösüşlere beslenip, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz dünýä ýaýylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň belentligini nazarlaýan ýurdumyz toý-baýramlara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyz ýurdumyzyň ösüşlerine, rowaçlyklaryna buýsanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylýan ösüşler, belent üstünlikler bagtdan paýly, päk zähmetden serpaýly ildeşlerimiziň kalbynda ýokary ruhubelentlik döredýär.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde üç gezek ykrar edildi. Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ilkinji gezek “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama kabul edildi. Soňra şeýle at bilen ol 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji gezek kabul edildi. Şöhratly ýylymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama üçünji gezek kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynda şeýle belleýär: “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä üçin hemişe açykdyr. Biz Ýer ýüzünde asudalygy, howpsuzlygy berkitmek üçin geljekde-de ähli zerur işleri amala aşyrarys”. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinden, oňyn Bitaraplyk syýasatyndan gözbaş alýar. Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmek, sebitde we dünýäde hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek asylly maksatlarymyz bolup durýar. Şöhratly ýylymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy toýlanýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy pähimdar pederlerimiziň gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamy bolup, taryhda şöhratly sahypany açdy. Döwletimiziň Bitaraplyga eýe bolmagy onuň berkararlyk binýadyny has-da berkitdi. Ýurdumyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi oňyn parahatçylyk söýüjilik syýasatyny alyp barmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Bu asylly ýörelgeleri ösdürmek maksady bilen Türkmenistan umumadamzat bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýär. Çünki, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri ata-babalarymyzdan gelýän gymmatlykdyr.

Hemişelik Bitaraplyk hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Şonuň üçin-de 2025-nji ýyl döwletimiz üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup, onuň taryhyna altyn sahypalar bolup ýazylar. Şanly seneleri zähmet ýeňişleri we baýramçylyk dabaralary bilen garşylamak halkymyz üçin indi asylly däbe öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gatnaşyklary deň-hukukly, işjeň, medeniýetli dialog, birek-birege düşünişmek esasynda ösdürmek üçin oňat şertler döreýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara at-abraýyny has-da ýokary galdyrmak, halkymyzy parahat, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak ug-runda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Rüstem HALLYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Epidemiologiýa kafedrasynyň mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.