SUW – GYMMATLY BAÝLYK
29-04-25
Ata-babalarymyz suwa uly sarpa goýup, ony tygşytly peýdalanmaga çalşypdyrlar. Diňe bir adamzadyň däl, eýsem, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýaşaýşynda hem suw ilkinji derejeli zerurlykdyr. Şol sebäpli pederlerimiz gadymyýetden bäri suw bilen baglanyşykly «Suw damjasy — altyn dänesi», «Ýer — hazyna, suw — göwher», «Ýer görki — suw, suw görki — guw», «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl» ýaly köpsanly nakyllary döredipdirler we olara eýermäge çalşypdyrlar.
Şeýle çemeleşme halkymyzyň ýaşaýyş çäginiň tebigy şertleri, suwuň ýiti ýetmezçilik etmegi bilen hem baglydyr. Şol sebäpli halkymyz irki döwürlerden başlap, suw bilen baglanyşykly daýhançylyk däpdessurlaryny berk berjaý edip, suwuň gyt şertlerinde hem toprakdan bol hasyl almagy başarypdyrlar, özleriniň kadaly ýaşaýşyny üpjün edipdirler. Olar çeşme, garýagyş suwlaryndan peýdalanmagyň gymmatly tejribesini toplapdyrlar.
Parasatly pederlerimiz irki döwürlerden başlap, suw desgalaryny gurmagyň gymmatly tejribesini toplap, ajaýyp suwaryş desgalaryny: bentleri, jykyrlary, guýulary, kärizleri, sardobalary gurupdyrlar. Murgapda Soltanbent, Gowşutbent; Tejen derýasynda Garrybent ýaly bentleri bina edipdirler. Bentleriň kömegi bilen suwy ýokary göterip, ekin meýdanlaryny suwarypdyrlar. Halkymyz uly bolmadyk ekin meýdanlaryny suwarmak üçin, Daşoguz sebitlerinde we Amyderýanyň gollarynda jykyrlary ulanypdyr. Ekin meýdanlaryny kadaly suwarmak üçin, Ahalyň daglyk eteklerinde kärizleri gurupdyrlar. Käriz — el güýji bilen gurlan ýerasty suwaryş desgasy bolup, ol birnäçe suw toplaýjy ýerasty guýulary özünde jemleýär.
Käriz gazmak işi örän kyn hemde gaty uzaga çekýän azaply iş bolupdyr. Tejribeli ussalar kähalatda kärizi doly gurup gutarmak üçin, onlarça ýyl zähmet çekmeli bolupdyrlar. Käriz gazýan adamlara «kärizgenler» diýipdirler. Çöllerde guýy gazmak hem ýeňil-ýelpaý iş bolmandyr. Guýy ussalary biçak duýgur adamlar bolup, ýeriň astynyň haýsy ýerinde suwuň bardygyny, onuň nä hili çuňlukda ýerleşýändigini öňünden kesgitlemegi başarypdyrlar. Gumda guýy gazmak örän howply hemde erjelligi talap edýän iş bolupdyr. Guýular gazylanda, olaryň iç ýüzüne gandymdyr tut agajynyň inçeliýogynly çybyklaryny ýa-da bişen kerpiçleri örüpdirler. Şonda olary «agaç örüm» we «daş örüm» diýip tapawutlandyrypdyrlar.
Ussalarymyz suw saklaýan, üsti ýapyk howuzlary, sardobalary hem gurupdyrlar. Sardobalar ygal suwlaryny saklamak üçin, ýörite gurlan desgalar bolupdyr. Şolardan iň gadymylary Merwden Amula barýan ýolda ýerleşipdir. Gadymy Marguşda, Nusaýda we beýleki ýerlerde gurlan suw howdanlarynyň galyndylary häzirki wagta çenli saklanyp galypdyr. Türkmenler ekin meýdanlaryny kadaly suwarmak üçin esasy ene ýaplary we kärizleri köpçülik bolup, haşar edip gazypdyrlar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda, şol sanda suw hojalyk ulgamynda alnyp barylýan tutumly işler buýsanjyňy artdyrýar. Bu işler suwuň ýekeje damjasyny altyn dänesine deňän türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hasda gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.