HAZARYŇ HALKARA HÖZIRI
22-07-25
Ajaýyp eýýamda ýurtda ösüşleriň ösüşlere beslenýändigine, tebigatynyňam gözelligine gözellik goşulýandygyna biz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mysalynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Ynsanyň paýhasy hem-de yhlasy bilen tebigatyň görlüp-eşidilmedik derejede owadanlaşyp bilýändigi bolsa, Hazar deňziniň türkmen kenarynda sanlyja ýylyň içinde döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda öz aýdyň beýanyna eýe boldy. Bu ajaýyp mekanda, Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen gözel zolakda geçirilýän çäreleriň, duşuşyklaryň, okuw maslahatlarynyň sanasaň sogaby bar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça III maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işleri bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy.
Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Häzirki wagtda Hazaryň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmünde ykrar edilmegi deňiz bilen çäkleşýän goňşy döwletleriň tagallalarynyň birligini, sebit hyzmatdaşlygynyň oňyn netijelerini şöhlelendirýär.
Sebit döwletleri üçin strategik ähmiýete eýe bolan deňiz baýlyklaryny özleşdirmek, sebitiň amatly ýerleşiş nukdaýnazaryndan bolsa, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmek esasy ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramaga hem giň mümkinçilikdir.
Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden hem-de daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge, Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, şeýle hem birnäçe ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge halkara meýdança boljak “Hazar ekologiýa başlangyjyny” döretmek baradaky teklipleriň bolmagy aýratyn bellenmäge mynasyp ýagdaý boldy.
Hazary parahatçylygyň we ylalaşygyň deňzine, dost-doganlygyň nusgasyna öwürmek ugrundaky umumy maksatlar özara gatnaşyklaryň kesgitleýji şerti bolup durýar. Mundan başga-da, Hazarýaka sebitiniň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde 2019-njy ýylyň awgustynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Forumyň netijeleri Hazar deňziniň diňe bir Hazarýaka döwletleriniň hazynasy bolman, eýsem, onuň geljegi uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy arkaly tutuş adamzada hyzmat etmeli tebigy baýlyk hökmünde ykrar edilýändigini äşgär etdi. Durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler syýasaty netijesinde iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüşiň ýokary derejesi üpjün edilýär. Munuň özi halkymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň tejribede amal edilmegidir.
Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda dünýä derejeli dynç alyş we şypahana toplumy emele geldi. Gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan bu syýahatçylyk zolagynda dynç alşa we şypahana ulgamyna degişli döwrebap düzümleriň toplumy halkymyza ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň ajaýyp kenarynda ýerleşýän «Awaza» köpugurly sport toplumyna BMG-niň howandarlygynda geçiriljek halkara foruma görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň binalarynda we onuň çäginde ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini, merkezi girelgäniň öňünde häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda döredilen enjamlaryň ornaşdyrylmalydygyny, olarda bolsa halkara maslahata degişli nyşanlaryň göze gelüwli görnüşde ýerleşdirilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz toplumyň ähli çäginde, ilkinji nobatda, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Dolandyryş merkezinde maslahatyň guramaçylyk ýagdaýynyň ähli ugurlaryny gözegçilikde saklamalydygyny içgin belledi. Forumy guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň anyk meýilnama esasynda alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygynyň ähmiýetini belledi.
Milli Liderimiz toplumyň enjamlaşdyryş işleri bilen hem gyzyklandy. BMG-niň howandarlygynda geçiriljek bu forumda çykyş etjekler, terjimeçiler hem-de forumyň geçişini beýan etjek žurnalistler üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini forumyň köp ugurlary öz içine almalydygyny aýdyp, bu babatda degerli maslahatlaryny berdi.
Umuman, özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýan Hazar deňziniň mümkinçilikleriniň iş ýüzünde netijeli peýdalanylmagy sebitde ýaşaýan halklaryň we tutuş adamzadyň bähbidi üçin Hazarýaka döwletleriniň umumy garaýyşlarynyň berkidilmeginiň wajyplygy bilen baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin-de, bu gün eziz Watanymyzda ýaşaýan her bir türkmenistanlynyň joşgunly kalby Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan mähirli alkyşlara, hoşallyklara beslenendir. Goý, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri rowaç alsyn!
Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.