“SAZLY TOLKUNLARDAN” DÖRÄN “AWAZA”

22-07-25

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra Türkmenistanyň geografiki kartasynda birnäçe şäherler, etraplar emele geldi. Olaryň biri hem Hazaryň kenaryndaky ajaýyplyklara beslenen Awazadyr. Milli ykdysadyýeti ösdürmek we berk binýady gurmak syýasy garaşsyzlygyň esasy bolup durýanlygy düşnüklidir. Ykdysadyýet adamlaryň jan aýaman işlemegi netijesinde ösýär. Biziň garaşsyz döwletimiz halkyň saglygyny we dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeki dynç almaklary uly alada edýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Awazada bolup görmedikler häzirki wagtda Hazar deňziniň kenaryndaky bu täze keşbini tanamazlar. Ertekidäki ýaly gysga wagtda üýtgän deňziň kenary adamlary haýrana goýýar. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä we gadymy kitaplarda bellenişi ýaly “awaza” sözi “sazly tolkunlar” diýmegi aňladýar. Hakykatdanam, Awazanyň tolkunlarynyň owazy tebigatyň mukamy bilen sazlaşýar.

Hazar! Bu deňiz hakynda onuň kenarlary, mawy suwy, balyga baýlygy barada tebigatda ol aýdymlar, goşgular, rowaýatlar we hekaýalar az ýazylmandyr. Hazar deňzi Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşýär. Şol sebäpli hem Türkmenbaşy şäheri geografiki we ykdysady taýdan garanyňda, ol Orta Aziýanyň deňiz derwezesi hasaplanýar. Dürli taryhy eýýamlaryň dowamynda bu deňiz: Girkaniýa... Hazar... Hwalun... Kaspi... Il arasynda garry akyldara hormat bilen ýüzlenilişi ýaly oňa “ Gojaman Hazar” diýýärler.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň uzakmöhletleýin maksatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan Hazar deňziniň kenar ýakasynda dünýä derejesindäki şypahanalar toplumynyň döredilmegi ýurduň ägirt uly tebigy we ykdysady potensialyny durmuşa geçirmäge, şol sanda uly möçberde daşary ýurt maýa goýumlary ýurduň ykdysadyýetine çekmäge ýardam berýär. “Awaza” dynç alyş zolagynyň işläp başlamagy bilen awtomobil, demirýol, howa we deňiz ulaglarynyň täze ugurlary işläp başlady. Dünýäniň çar tarapyndan myhmanlaryň müňlerçesi Türkmenistany görmäge gelýärler, Myhmanlardyr syýahatçylar türkmen topragynyň taryhy ýadygärlikleri, täsin künjekleri bilen hem içgin tanyşýarlar. Ýyl-ýyldan bu halkara derejeli döwrebap deňiz kurortynyň infrastrukturasyny täze-täze desgalar doldurýar. Ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar sagaldyş merkezleri, kottež şäherçeleri, sagaldyş we dynç alyş merkezleri myhmanlaryň hyzmatynda.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk gülläp ösmegi ugrunda kabul edýän kanunlarydyr permanlaryny wagyz etmekde KA-nyň birleşmeleriniň, ilkinji guramalarynyň bilim işgärleriniň öňünde durýan wezipeler dogrusynda söhbetlere baý bolan okuw maslahatynyň dowamynda özara sowal-jogaplar, pikir alyşmalar guraldy. Şeýle hem, meýilnama laýyklykda okuw maslahatynyň dowam edýän günlerinde oňa gatnaşyjylar bilen dürli medeni-köpçülik, dynç alyş çäreleri göz öňünde geçirildi.

Meşhur medeniýet, sungat işgärleri sagaldyş we dynç alyş merkeziniň medeniýet öýünde aýdym-sazly, şowhunly çykyşlary bilen geçirilýän çäräni has hem şowhuna beslendi. Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça gyzykly sport ýaryşlarynyň guralmagy, gojaman Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda pyýada gezmek, Awazanyň gözel ýerlerine syýahat etmek bilen, boş wagtlaryny many-mazmunly geçirmek ýaly çäreler bolsa dabara has-da öwüşgin çaýdy.

Hawa, häzirki wagtda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir nyşanyna öwrüldi. Tebigatyň özi bu künjek hakynda alada edip, mylaýym howa şertleri, minerally, palçyk çeşmeleri we köp kilometre uzalyp gidýän altyn öwüşginli-çägesöw plažlary, gözelligi boýunça täsin deňiz peýzažlary, Hazar döwlet goraghanasynyň biologik köpdürliligi bilen tapawutlanýan suw-batgalyk ýerlerdäki “guşlaryň bazary” bilen eçilipdir. Durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler syýasaty netijesinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüşiň ýokary derejesi üpjün edilýär. Hut şonuň üçin-de, bu gün eziz Watanymyzda ýaşaýan her bir türkmenistanlynyň joşgunly kalby Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza we bolan mähirli alkyşlara, hoşallyklara beslenendir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Mahbuba GAFUROWA,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Rus dili mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.