Tomus pasly üçin peýdaly maslahatlar
01-07-25
Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady güýji halkymyzyň ruhy galkynyşy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglydyr. Şu nukdaýnazardan ýurdumyz boýunça durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalar eziz Watanymyzyň ilatynyň saglygyny ählitaraplaýyn goramaga, ýaşlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giňden çekmäge ýardam edýär.
Döwrebap dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ulanmak arkaly jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ykrar etmek babatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti uludyr. Bu maksatnamada bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň işgärleriniň bitirýän hyzmatlary diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem dünýä döwletleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar .
Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ugrunda nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda maşgala lukmançylygyna geçilmegi bilen, keselleriň öňüni almaga, olary başlangyç döwründe ýüze çykaryp, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji basgançagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, maşgala lukmançylygyny has kämil derejä çykarmak üçin döwlet tarapyndan ähli şertler we mümkinçilikler döredildi.
Güneşe baý Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Tomus medeniýetli dynç alşyň gyzgalaňly döwrüdir. Gün şöhlesiniň, seleň howanyň, dury, arassa suwuň adam saglygy üçin peýdasynyň örän uludygy hemmä mälimdir. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň gorag (immun) ulgamyny berkidýär. Ultramelewşe şöhleleriniň öýjüklerde diş we süňk üçin peýdaly D witamininiň işlenilip çykarylmagyna täsiri uludyr. Ýöne Günüň aşagynda uzak gezilmegi, durulmagy, işlenilmegi adamyň saglyk ýagdaýynda dürli bozulmalary döredip biler.
Gün urmak – bu aşa yssy günlerde Gün şöhlesiniň täsiri netijesinde kelle-beýnisine zeper ýetmegidir. Öte gyzma howanyň gyzan döwründe Günüň aşagynda uzak wagtlap bolunmagy sebäpli, bedeniň aşa gyzmagynyň netijesinde merkezi nerw ulgamyna zeper ýetmegidir. Munuň sebäbi bedeniň suwy, mineral duzlary ýitirmegi we ýylylygy dolandyrýan, kadalaşdyrýan ulgamlaryň bozulmagy bilen baglydyr. Gün urmasy ýüze çykan ýagdaýynda bedeniň deri örtügi gyzarýar, guraksylanýar, ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, ysgynsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmagy, huş ýitirmek, uka meýillilik, gulaklaryň şaňlamasy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Öz wagtynda kömek edilmese, bu ýagdaý has-da agyrlaşyp, gaýraüzülmelere getirmegi mümkin. Adam öte gyzma sezewar bolan ýagdaýynda hem Gün urandaky ýaly alamatlar ýüze çykýar.
Gün uran halatynda ejir çekene köp suwuklyk içirmek maslahat berilýär. Salkyn suw, aýran, gök çaý içirmeli. Her bir adam tomus paslynda dynç alşa, gezelenje gidende, işlände, açyk howada suwa düşende Günüň ýiti şöhlesinden, ýagny Gün urmasyndan goranmagy başarmalydyr. Tomsuň yssy günlerinde 2 ýaşyna çenli çagalara, ýarawsyz we gartaşan adamlara sagat 11:00-dan 18:00-a çenli Günüň aşagynda gezmek maslahat berilmeýär. Yssy günlerde kelleýalaňaç gezmek bolmaýar, kelläňe başgap geýmek, saýawan götermek, gara äýnek dakynmak maslahat berilýär. Açyk meýdanda suwa düşülende, meýdanda Güne ýanylanda sagat 11:00-dan 18:00-a çenli Gün şöhlesiniň aşagynda bolmak (esasan hem, sagat 15:00-dan 18:00-a çenli) has howply. Çagalar baglaryna gatnaýan körpeler kölegede oýnamaly.
Gün şöhlesinden peýdalanmak üçin ir sagat 06:00-dan 09:00-a çenli aralyk iň amatly wagtdyr. Suwa düşülýän ýerlerde ýa-da islendik başga ýerde Gün wannalaryny ýylda 50 gezekden köp kabul etmeli däl.
Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrýan dabaralar ýaş nesliň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryny ilkinjiler bolup goldaýandyklaryny ýene bir ýola subut edýär. Sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek şu günümiziň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaşlarymyz bu günki gün Watanymyzda we halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl Tugumyzy al asmanda parladýarlar. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa bizi çäksiz buýsandyrýar.
Berkarar döwletimizde köpçülikleýin sagdyn durmuş ýörelgesiniň ösdürilmegi, azyk ulgamynyň düzüminiň we görnüşleriniň gowulandyrylmagy, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi, adamlaryň zähmet çekmek, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ählisi, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Munuň üçin her birimiziň kalbymyzda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz çäksizdir.
Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdüri.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.