TÜRKMENIŇ TEBIGATY – TÄSINLIKLERIŇ MEKANY
24-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Syýahatçylyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň durnukly syýasy, ykdysady hem-de medeni ösüşleri dünýäniň köp ýurtlaryny özüne çekýär we ýurdumyza bolan gyzyklanmalary döredýär. Behişdi tebigata eýe bolan ýurdumyzyň özboluşly ajaýyp tebigat gözellikleri dünýä halklaryny, alymlary, syýahatçylary we söwdagärleri gadym wagtlardan bäri hem özüne çekip gelipdir. Olar türkmen sährasynda ýaşaýan adamlaryň durmuşy, tebigy täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada özlerinde galdyran täsirlerini beýan edipdirler.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ajaýyp günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzyň goňşy we daşary ýurtlary bilen ykdysady, ylym-bilim, lukmançylyk, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky halkara gatnaşyklary barha ösýär. Syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde örän köp işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň syýahatçylygy ösdürmekdäki iň bir gyzyklanma döredýän ugurlarynyň biri hem türkmen tebigatyna gezelençdir. Häzirki döwürde dünýäniň köp döwletleriniň kitaphanalarynda saklanýan gadymy ýazgylarynda syýahatçylaryň we alymlaryň galdyran türkmenler barada maglumatlaryny görmek we okamak bolýar. Ýurdumyzyň dag ulgamlary, düzlükleri, çägeli-çöllükleri - başga hiç ýerde duş gelmeýän täsinlikleri özünde jemleýär. Ülkämiziň haýwanat we ösümlik dünýäsi bu täsinlikleri has hem baýlaşdyrýan gözellikleriň biridir. Hatda öz raýatlarymyzyň köpüsi hem bu täsinlikler bilen doly tanyş däldir.
Türkmen sährasynyň dürli pasyllaryndaky tebigy hadysalary, al-elwan güllere bürenýän giň meýdanlary, olardan daş-töwerege ýaýraýan hoşboý yslary aklyňy haýrana galdyrýar, gözüňi dokundyrýar. Dag ulgamlaryndaky gözellikler, başyny bulutlara bürenip oturan beýik dag gerişleri, kert gaýalar, ajaýyp dereler, tektoniki hadysalaryň netijesinde böwsülip bölünen daglaryň arasyndan aýlawly ýollary ýasan dury we süýji suwly çeşmeleri göreni haýrana galdyrýar. Bu ýerde ösýän ösümlikler we haýwanat dünýäsi ýurdumyzyň biodürlüligini emele getirýär. Ösümlikleriň dürli ýaşaýyş şekilli görnüşleri, olaryň arasyndaky peýdaly dermanlyk, boýag, bezeg, ot-iýmlik, iýmitlik, şeýle hem ülkämiziň seýrek, gadymy we medeni ösümlikleriň ýabany kowumdaşlary biziň ýurdumyzyň ösümlik gymmatlyklaryny emele getirýär.
Türkmenistanyň günbatar-demirgazyk çetini emele getirýän, daş-töweregi çägeli-çöllükler bilen gurşalan Uly Balkan dagy, Köpetdagyň Günorta-Günbatar, Merkezi we Gündogar bölekleri, Gissar gerşiniň günorta-günbatar dag şahasyny emele getirýän Köýtendagy diýarymyzyň iň gözel ýerleriniň biridir. Olaryň her biri özboluşly tebigaty, ondaky ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dürlüligi bilen tapawutlanýarlar. Ýurdumyzyň çöllüklerine, düzlüklerine we dag ulgamlaryna şeýle syýahatly ýollarynda türkmeniň milliligini görkezýän bedew atlaryny, düýelerini ulanylanda, syýahatyň has hem gyzykly we uly ähmiýetiniň boljakdygyny belläp geçmek gerek.
Dünýäniň çägeli çölleriniň iň ulularynyň biri bolan Garagum çöli baý haýwanat we ösümlik dünýäsi, yssy, gurak howa şertleri, tebigy keşbiniň üýtgewsizligi, onuň çäklerinde ýerleşýän oazisler, taryhy-arheologiýa we beýleki täsin aýratynlyklary bilen dünýä ýurtlarynyň köp sanly jahankeşdelerini özüne çekýär. Türkmenistan döwletimiziň hiç bir döwletiňkä meňzemeýän, özboluşly ajaýyp tebigaty, jana şypaly howasy bar. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ata Watanymyzyň ekologiýa howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmek baradaky döwlet syýasatynda türkmen tebigatynyň asyl durkuny saklap galmak we onuň şeýle ajaýyp gözelligini dünýä jar etmek, ony geljekki nesillerimize miras galdyrmak meselesine aýratyn üns berýär we bu ugurda giň möçberli, il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirýärler.
Toýly ÇARYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň 6-njy ýyl talyby.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.