TÜRKMENIŇ BUÝSANJY GÖZEL AŞGABAT

24-10-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz rowaçlyklara beslenýär. Beýik ösüşleriň ýolundan ynamly öňe barýan ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli, netijeli işler halkymyzyň geljegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzy ösdürmegiň barşynda birnäçe işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzyň ajaýyp gözelligi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň üçin gözel paýtagtymyz Aşgabat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp günlerinde hem tanalmaz derejede özgerýär. Gülläp ösýän paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklar, ýerine ýetirilýän ykbal özgerdiji işler rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzyň sahypalaryna zer harplar bilen ýazylýar. Bu amal edilýän her bir işde anyk netije, taryhy hakykat, geljegimiz aýdyň şöhlelenýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda gün-günden pajarlap ösýän paýtagtymyz milli binagärlik sungatymyzyň iň soňky gazananlarynyň Ýewropa biçüwleri bilen utgaşdyrylmagyndan bütinleý diýen ýaly täze keşbe girdi. Nesillerimize ebedi miras galan gadymy binagärlik senedi türkmen halkynyň häzirki eşretli hem-de nurana günlerinde, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde beýik sungat derejesine ýetirildi. Muňa Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, ak şäherimiz Aşgabatda bina edilen depesi tylla gümmezli köşgi-eýwanlary, başy bulutlary guçýan belent ymaratlary, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köp gatly, has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny, türkmen myhmansöýerliginiň nusgasyna öwrülip öwşün atýan ak mermerli owadan myhmanhanalary, göwünlerimiziň joşgunyna, kalbymyzyň perwazyna meňzäp asmana atylýan, biri-birinden täsin suw çüwdürimler toplumlaryny, gözel Diýarymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýän, ynsanlary biri-birine golaýlaşdyrýan rowana ýollary mysal getirmek mümkin.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Diýarymyzda, şeýle hem Aşgabat şäherinde giň gerim bilen gurulýan ak mermerli binalar hem-de desgalar türkmen halkynyň guwanjyna öwrülýär. Şeýle bagtyýar döwürde raýatlarymyzyň abadan durmuşy baradaky alada netijesinde Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bahasyna ýetip bolmajak bu beýik işler bagtyýar halkymyzda durmuşa we ýaşaýşa söýgi, höwes döredýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen paýtagtymyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmek, şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işleri tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşleriň, üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ählisi, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň asuda durmuşda parahat ýaşaýşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Türkmen halky “Ak zat alnyňa ýagşy” diýip, ýagşy ýörelgä eýerýär. Paýtagtymyzyň ak mermer binalary türkmeniň ak kalbyna çalymdaşdyr. Ady älem içre aýdym bolup ýaňlanýan Aşgabat şäherimiz agzybirligiň, asudalygyň we baky abadançylygyň merkezidir. Täze eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen ajaýyp desgalaryň birnäçesiniň, şeýle hem gözel paýtagtymyzyň özüniň ak mermer bilen örtülen binalarynyň köplügi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigi bolsa türkmen döwletiniň binagärlik sungatynyň belent sepgitlere ýetendiginiň nyşanydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak şäherimiz Aşgabat gün-günden ösýär, gözelleşýär. Bu edilýän işleriň ählisi hem hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň gowulandyrylmagy, ata Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Aýdyň geljegi nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan asuda, abadan döwletimizde eşretli eýýamly, döwletli-döwranly halkymyzyň ykbalyny özgerdýän täze röwşen zamanany - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni peşgeş beren, mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherimizi dünýä nusgalyk şähere öwürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzyn, belent başlary aman bolsun!

Halyk MÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Trawmatologiýa we ortopediýa kafedrasynyň assistenti.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.