EKOLOGIÝA WE DAŞKY GURŞAW
25-01-26
Tebigat – bu biziň dem alýan jana şypaly howamyz, görýän ýagtylygymyz, içýän suwumyz, naz-nygmatly iýmitlerimiz, ýöreýän ýolumyz, basýan topragymyz, ýaşaýşymyz, bizi gurşap alýan ähli barlyk çeşmämiz, mukaddesligimiz. Adam tebigat tarapyndan döredilendir we biz onuň perzentleridiris. Adam bilen tebigat hiç haçan aýrylyşyp bilmez. Olar biri-biri bilen mydama baglanyşyklydyrlar.
Türkmen halky tebigat bilen hemişe sazlaşykly ýaşapdyr. Ata-babalarymyz perzent, nesil terbiýesine aýratyn üns beripdirler. Nesilleriň sagdyn we aň-düşünjeli bolup ýetişmekleri, şeýle-de tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaklary üçin olara zerur bolan ähli zatlary öwredipdirler. Okuw we zähmet terbiýesi bilen birlikde ekologik terbiýe, ekologiki düşünje halkymyzyň ileri süren taglymatlarynyň biridir. Daşky ýaşaýşymyzy, tebigatymyzy arassa saklamak, janly-jandarlara, ösümlik dünýäsine zeper ýetirmezlik ýaly düşünjeler dürli pähimleriň, nakyllaryň, kyssadyr hekaýalaryň, türkmen halk ertekileriniň üsti bilen ýetirilip durlupdyr. Akar suwa hapa zatlary taşlamagyň, agaç şahalaryny döwmegiň, gök ekinleri basgylamagyň, janly-jandarlara nähak sütem etmegiň hiç oňlanylmaýandygy, bu ýagdaýyň ryskyň egsilmegine, işleriň ugrukmazlygyna eltýändigi ündelipdir. Akar suwa keramat hökmünde garalypdyr, ony arassa saklamak iň haýyrly amallaryň hatarynda görlüpdir. Bag ekmegiň sogaby bolsa iň ýokary derejedäki ýagşylyk bilen deň goýlupdyr.
Agaç ekmegiň sogaby, onuň adamyň durmuşyndaky orny çagalykdan aňymyza guýulýan ündewleriň biri.
— Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýä kitabynda onuň ady bar
- diýen setirler hem muny tassyklaýar. Häzirki wagta hem her ýylda gözel şäherimiz Aşgabadyň, welaýat merkezleriniň çäklerinde, derýa boýlarynda, gara ýollaryň gyrasynda, Köpetdagyň eteklerinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde millionlarça agaç nahallary ekilýär we öňki ekilen agaçlara hem ideg edilip durulýar. Bu bolsa Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülýändigini görkezýär. Şeýle-de, ýaşlar bu köpçülikleýin dabara işjeň gatnaşýarlar.
Häzirki wagtda orta mekdeplerde «Tebigaty öwreniş», «Ýaşaýyş-durmuş esaslary» ýaly dersler okadylýar. Orta hünär, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde bolsa ekologiýa dersleri has çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Şeýle-de, bu ugurda ýaşlaryň bilimleriniň has çuňlaşdyrylmagy, ylmy açyşlary etmekleri üçin ýörite merkezler döredilen. Bu bolsa ýaşlaryň durmuşynda ekologiýanyň has uly orna eýedigini tassyklaýar.
Türkmeniň tebigat bilen sazlaşygyny däp-dessurlarynda, döwlet nyşanlarynda, egin-eşiginde, gylyk-häsiýetinde görmek bolýar. Halkyň sada, päk göwünliligi, ynsanperwerligi, dogry sözlüligi ýaly häsiýetlerinde tebigat bilen arabaglanyşygy bar. Ähli önümlerimiziň, gelin-gyzlaryň döreden nepis halylarynyň, olaryň reňkleriniň çeşmesi türkmen tebigaty bolup durýar.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, daşky gurşawy goramak ugrunda, onuň geljegi hakynda tutumly işler edilýär. Biziň ýurdumyzyň ekologiýa ulgamyndaky taglymatynda tebigaty, Garagum sährasyny goramak, daşky gurşawy aýawly saklamak babatda Türkmen kölüniň meselesine hem uly orun berilýär. Şeýlelikde, Türkmenistan diňe ýurdumyzyň çäklerindäki däl, eýsem sebit we dünýä derejesindäki ekologiýa taslamalaryna-da öz mynasyp goşandyny goşýar.
Berkarar döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek, şol sanda ýurdumyzda saşky gurşawy goramak ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.