ÝURDUMYZYŇ PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK ÝÖRELGELERI DÜNÝÄ NUSGADYR
26-06-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk ösüş ýolunyň beýikligini, dünýä derejeli şan-şöhratyny gaýtadan ýüze çykaran buýsançly zamanadyr. Bu döwürde döwlet durmuşynda-da, jemgyýetçilik durmuşynda-da belent üstünlikler gazanylýar. Durmuşyň özgerýän şertleri adamlaryň aň-düşünjesine, garaýyşlaryna belli bir derejede täsir edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüş maksatnamalary, ýurdumyzyň syýasatynda, ykdysadyýetinde, medeni-ynsanperwer ýörelgelerinde anyklygyň we kesgitliligiň ýüze çykmagy halkyň geljek baradaky ynamyny has-da berkidýär. Gahryman Arkadagymyzyň kemala getiren, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam edýän parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasaty ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň daýanjydyr, gazanýan ýeňişlerimiziň gözbaşydyr.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösüşlere beslenip, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz dünýä ýaýylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň belentligini nazarlaýan ýurdumyz toý-baýramlara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyz ýurdumyzyň ösüşlerine, rowaçlyklaryna buýsanýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” gazanylýan ösüşler, belent üstünlikler bagtdan paýly, päk zähmetden serpaýly ildeşlerimiziň kalbynda ýokary ruhubelentlik döredýär.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde üç gezek ykrar edildi. Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ilkinji gezek “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama kabul edildi. Soňra şeýle at bilen ol 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji gezek kabul edildi. Şöhratly ýylymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama üçünji gezek kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynda şeýle belleýär: “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä üçin hemişe açykdyr. Biz Ýer ýüzünde asudalygy, howpsuzlygy berkitmek üçin geljekde-de ähli zerur işleri amala aşyrarys”. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinden, oňyn Bitaraplyk syýasatyndan gözbaş alýar. Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmek, sebitde we dünýäde hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek asylly maksatlarymyz bolup durýar. Şöhratly ýylymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy toýlanýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy pähimdar pederlerimiziň gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamy bolup, taryhda şöhratly sahypany açdy. Döwletimiziň Bitaraplyga eýe bolmagy onuň berkararlyk binýadyny has-da berkitdi. Ýurdumyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi oňyn parahatçylyk söýüjilik syýasatyny alyp barmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Bu asylly ýörelgeleri ösdürmek maksady bilen Türkmenistan umumadamzat bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýär. Çünki, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri ata-babalarymyzdan gelýän gymmatlykdyr.
Hemişelik Bitaraplyk hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Şonuň üçin-de 2025-nji ýyl döwletimiz üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup, onuň taryhyna altyn sahypalar bolup ýazylar. Şanly seneleri zähmet ýeňişleri we baýramçylyk dabaralary bilen garşylamak halkymyz üçin indi asylly däbe öwrüldi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” gatnaşyklary deň-hukukly, işjeň, medeniýetli dialog, birek-birege düşünişmek esasynda ösdürmek üçin oňat şertler döreýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara at-abraýyny has-da ýokary galdyrmak, halkymyzy parahat, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak ug-runda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Myrat BERDINOBATOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Terapewtik stomatologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.