ADAMZAT DÜNÝÄSINI YLYM BEZEÝÄR
15-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär.
Häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen, innowasion enjamlar gündelik durmuşymyzda wajyp oruna eýe boldy. Şeýle innowasion tehnologiýalary öwrenmek we olardan doly baş alyp çykmak üçin köp okamaly, şeýle-de dünýäniň dürli dillerini düýpli öwrenmeli. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
Ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Bilim bagtyýar geljegimiziň, jemgyýetiň hem-de döwletiň sazlaşykly ösüşiniň mizemez binýatlarynyň biridir” diýip örän jaýdar belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdymyzda ylym-bilimi ösdürmek bilen bir hatarda dünýä dillerini öwrenmäge-de uly mümkinçilikler döredýär. Ösen dilleri bilmek, dünýä ylmyny öwrenmäge giň ýol açýar, dünýägaraýşymyzy has giňeldýär. Çünki, tehnikanyň, tehnologiýalaryň, dürli tilsimatlaryň ösen eýýamynda dünýäni açmak, ony özleşdirmek ilkinji nobatda, dile, onda-da çeper, kämil dile degişlidir. Galyberse-de, ata-babalarymyz dil öwrenmekligi, dil bilmekligi döwletlilikden, agzybirlikden, hem dostlukdan nyşan hasaplapdyrlar.
Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Muny Magtymguly Pyragy özüniň şygyr setirlerinde “Alymlara uýsaň açylar gözüň, jahyllara uýsaň kör dek bolar sen” diýip tekrarlasa, Döwletmämmet Azady “Älem-jahana Günüň, ýeriň, suwuň, oduň zerurlygy ýaly, adamzat durmuşynda-da ylym gerekdir. Gijä aýyň zynat berişi ýaly, adamzat dünýäsini-de ylym bezeýär. Göwrä ýüregiň möhümligi ýaly, ynsan ýaşaýşyna-da ylym derwaýysdyr” diýip, geljekki nesillere ylym öwrenmegi sargyt edýär. Hut şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň şahsy göreldesi we aýdyň tagallalary esasynda türkmen milli ylmy bu günki gün gaýtadan galkyndy.
Ýurdumyzda soňky ýyllaryň içinde bilim hem-de ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek hakyndaky degişli Permandyr Kararlar kabul edildi. Şol resminamalaryň esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy döwlet tarapyndan maliýeleşdirildi, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerde okuw möhletleri halkara derejelerine laýyk getirildi. Ýakynda bolsa, Ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaşlarymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz degişli Kararlara gol çekdi. Ýurdumyzda ylmy we tehnikany ösdürmegiň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, geçilýän dersleri döwrebap usullar bilen integrirlemegiň ileri tutulýan ugurlary anyk kesgitlenildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp okuw binalarynda döwrebap kompýuterlerden, lingafon otaglaryndan, häzirki zaman internet ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga döredilen şertler başymyzy göge ýetirýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biz bilim işgärleri özümiz hakdaky ýadawsyz aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygymyzyň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.