SANLY YKDYSADYÝET — DÖWLETIMIZIŇ DURNUKLY ÖSÜŞINIŇ MÖHÜM UGRY
04-06-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminama pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly serişdesi bolup durýar.
Dünýä içre ykrar edilen hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýýar. Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esas bolup durýar.
Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda oňa geçmek mümkin boldy. Ol ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün etdi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bu ugurda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, şol sanda zerur düzümi döretmek boýunça çäreler görülýär. Degişli ugurda kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Bu babatda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumatlar we olary goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýlekiler kabul edildi.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Kararyň kabul edilmegi möhüm ädimleriň biri boldy. Bu toparyň esasy wezipesi öňde goýlan wezipeleri iş ýüzünde çözmekden ybaratdyr. Şonuň netijesinde hem diwersifikasiýa ýoly bilen ösüşi we senagatlaşdyrmagy, ýokary goşulan bahaly taýýar önümiň öndürilmegini ugur edinýän ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzümi üýtgeýär. Hususylaşdyrmak işi dowam edýär. Ýokary tehnologiýaly, ylmy işleri talap edýän we innowasion pudaklary, hususan-da, elektron senagatyny ösdürmegiň binýady goýuldy. Bu ugurda maliýe pudagyna aýratyn orun degişlidir. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň çeýe, netijeli paýlanylmagyny üpjün etmek durmuş wezipelerini çözmäge, maýa goýum işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de durnukly ykdysady ösüşi saklamaga, ähli pudaklary öňdebaryjy tehnologiýalara geçirmäge giňden ýardam eder.
Dünýäde tehnologiýa esasly ösen ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, hut sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga uly mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hökümeti, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylaryny ählumumy meýillere hem-de ähli derejede halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirýär.
Ýurdumyzyň ösüşiniň geljegi daşarky şertleriň güýçlenmegi: dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüş babatda özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň peýda bolmagy, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gös-göni baglydyr.
2030-njy ýyla çenli döwür üçin dünýäniň gün tertibi hem-de milli syýasat ýurdumyzda amala aşyrylýan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça işler bilen ýakyndan baglydyr. DÖM babatda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň amala aşyrylmagy bar bolan ähli serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmakda jemlenip, durmuş ulgamy şol wagtda halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ekologiýa ulgamy bolsa daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmäge hem-de tebigata aýawly garamaga gönükdirilendir.
Döwlet maksatnamalaryna we iri ykdysady taslamalara ornaşdyrylan DÖM-ni ýerine ýetirmek üçin sanly tehnologiýalaryň artykmaçlygy aýdyňdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda telelukmançylygyň, onlaýn bilimiň hem-de uzak aralykdan okatmagyň, elektron hökümetiň gurallarynyň ösdürilmegini höweslendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi bilen, bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýokary we orta okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar hem-de bilim ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler «Sanly bilim» portalyndan giňden peýdalanmaga mümkinçilik aldylar.
Halkymyza hödürlenýän hyzmatlarynyň hil derejesiniň barha ýokarlanmagy, ilatymyzyň häzirki zaman tehnologiýalaryndan elýeterli peýdalanmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Watanymyzy gülletmek ugrunda alyp barýan beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Gadyrgeldi ANNAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň
Ykdysadyýet we amaly informatika kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.