NARPYZ ÖSÜMLIGINIŇ GADYMY MEKANY

24-10-25

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly baştutanlygynda başy başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy häzirki wagtda üsünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy, saglygy dikeldiş şypahanalarynyň durky täzelenilip, olaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi, sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Lukman Arkadagymyz adamlaryň saglygyny berkitmekde we dikeltmekde derman ösümlikleriniň hem uly ähmiýete eýedigini hemişe nygtap geçýär.

Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik kitaplary muňa doly güwä geçýär. Mälim bolşy ýaly, Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilip geçildi. Hünär baýramy mynasybetli halkara serginiň we ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem giňden bellenilen bu baýramçylyk gününde  lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. 

Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam edýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Bu eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem goşant goşar. Türkmenistanda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri barada ýazylan uly göwrümli, çuň manyly, giň halk köpçüligi üçin niýetlenen örän uly ylmy çeşmedir.

Gahryman Arkadagymyz kitabyň döreýşi barada şeýle diýýär: «Bu kitap meniň mukaddes ene süýdi bilen aňyma ornaşan ene topragymyza we mähriban halkymyza hem-de ata-babalarymyzyň bize galdyran mirasyna bolan çuňňur söýginiň netijesinde döredi». Kitabyň esasy maksadynyň lukmanlara, çig mal ýygnaýjylara we saklaýanlara, okyjylar köpçüligine derman ösümlikleri boýunça öz bilimini artdyrmaga kömek bermekden ybarat bolup durýandygyny Lukman Arkadagymyz nygtaýar. Milli Liderimiz ýurdumyzda geçmişde uly meşhurlyga eýe bolan lukmanlarymyzyň kitaplarynyň terjime edilip halk köpçüligine ýetirilendigini hem belläp geçýär.

Ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň arasynda narpyza hem aýratyn orun berilýär. Narpyzyň düzümindäki efir ýagy lukmançylykda, parfýumeriýada, süýji-köke önümçiliginde ulanylýar. Ösümligiň ýapragyndan taýýarlanylýan dermanlyk serişdeler, antiseptik, sowuklamanyň garşysyna şerbetler has irki wagtlardan bäri peýdalanylýar. Lukmançylyk tejribesinde, esasan, mentol ulanylýar. Narpyz işdäni açýar, iýmit siňdirişi gowulandyrýar. Ol ýokary dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda hem bronhitde ulanylýar. Narpyzyň ýapragyndan taýýarlanan melhemlik toşap agyz boşlugyny ýokançsyzlandyrmakda oňat serişde hasaplanýar. Her gün irden demlenip taýýarlanan narpyz çaýyny içmek maslahat berilýär.

Orta asyrlarda narpyzyň başga bir täsirli aýratynlygy ýüze çykarylypdyr. Bu otuň mör-möjeklere garşy göreşde kömegi degipdir. Tebipler ony şeýle bir öwüpdirler welin, XVIII asyrdan başlap ony ýörite ösdürip ýetişdirmeli bolupdyr – ýabany ösýän hoşboý ysly gyrymsy agaçlar indi uly we barha artyp barýan islegi kanagatlandyrmandyr.

Häzirki zaman fitoterapiýasyny ter we guradylan narpyzsyz, şeýle hem gymmat bahaly efir komponenti bolan narpyz ýagy bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Narpyza şu günlerem diňe bir hoşboý ysly ot däl, eýsem dermanlyk we azyk önümi hökmünde-de isleg bidirilýär. Aşpezler bu oty burç narpyzy, şokolad narpyzy, alma narpyzy we, hat-da, pyrtykal narpyzy diýip bölýärler, bularda biri-biri bilen tozga geçirme arkaly ajaýyp ysly gibridleri döretmek mümkin.

Narpyzyň düzüminde C, B3, B5, B2, B6, B9, A witaminleri agdyklyk edýär. Makroelementlerden kaliý, kalsiý, magniý, fosfor, natriý, mikroelementlerden demir, marganes, sink, mis ýaly wajyp elementler bar. Narpyzy çaýa goşup ulanmak has-da ýörgünli tärleriň biridir. Şeýle dermanlyk çaý ukyny sazlamakda, kelleagyryny köşeşdirmekde, myşsalaryň dartgynlylygyny gowşatmakda, horlanmakda, üsgülewügi aýyrmakda örän ähmiýetlidir. Narpyz dürli tagamlary, işdäaçarlary taýýarlamakda tagam, ys beriji hökmünde hem ulanylýar. Narpyzyň hoşboý ysy işdäňi açyp, tagamyň has-da lezzetli, peýdaly bolmagyna sebäp bolýar. Jan-saglyk ynsanyň iň gymmatly baýlygydyr.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaplarynda milli Liderimiz ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary halk lukmançylygynda ulanmagyň usullary barada gymmatly maglumatlary berýär. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendigi hakynda aýdylýar. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk otlaryň endemiki ösümlikler, ýagny dünýäniň hiç bir ýerinde duş gelmeýän ösümliklerdigini hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtap geçýär. Kitaplarda hem dermanlyk ösümlikleriň suratlary, häsiýetnamalary, himiki düzümi, saklanylyşy, dermanlyk gory, peýdalanylyşy barada gyzykly, sada, düşnükli edilip gürrüň berilýär, rowaýatlardyr tymsallar, meşhur alymlaryň ylmy işlerinden mysallar getirilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ylmy-ensiklopedik kitaby dünýäniň onlarça dillerine terjime edilip, millionlarça okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Gahryman Arkadagymyzyň köp zähmet çekip ýazan bu köp jiltli gymmatly kitaby diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, dünýä fitoterapiýasynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem uly goşantdyr. Bize şeýle ajaýyp kitaplary sowgat berýän, halkynyň saglygy barada gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Baýram HOJAGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.