ATYM BAR ― GANATYM BAR
18-04-22
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, bagtyýar türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli günleriň hözirini görýär. Toýlary toýa ulaşýan türkmen halkymyzyň her bir güni şatlyk-şagalaňa, toý-baýramlara beslenýär. Şu günler ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy dabaraly bellenilýär.
Türkmeni dünýäde tanadýan milli şaý-sepleri, halylary, dutary bilen bir hatarda eziz saýylýan bedew atlary hemişe söýgä, sylag-hormata mynasyp. Türkmen ahalteke atlarynyň şöhraty baryp Oguz han döwründen bäri äleme ýaýylyp gelýär. Türkmeniň nusgalyk edebiýatynda, gadymy golýazmalarda olaryň şan-şöhraty, şygryýetiň we kyssanyň sazlaşykly setirlerinde beýan edilýär.
Türkmen gahrymançylykly eposy bolan “Görogluda”
Ýigidiň myrady atdyr,
Atsyz ýigitler arwatdyr ― diýilýär. “Oguznama” eposynda bolsa ata ýüzlenilip, “Saňa at diýmerin, gardaş diýerin, ýöne sen dogandan hem zyýada” diýilýär. Türkmeniň nusgawy edebiýatynyň şamçyragy Magtymguly Pyragy “Çyn bedewler meýdanynda bellidir” diýip, üsti şemally bedewleriň tarypyny ýetirýär. Türkmen bedew aty hakynda “Atym bar ― ganatym bar”, “Ýüwrük atyň bahasy bolmaz”, “Atyň ady uly, düýäň dabany”, “Agaç ekeni biler, at bakany” ýaly ýüzlerçe nakyllary döredipdir. Bu hem halkymyzyň atyny jandan söýendiginiň alamatydyr.
Döwletimizde atçylygy, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmek hem-de milli we halkara derejelerinde guralýan uly ýaryşlarda täze ýeňişleriň gazanylmagyny üpjün etmek maksady bilen ähli welaýatlarda öz möçberi boýunça haýran galdyrýan we halkara ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanmaga berildi. Däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp döwletimizde at çapyşyklary, dürli derejeli sergiler, maslahatlar geçirilýär. Sergilerde ussat zergärler tarapyndan döredilen at bezegleriniň nusgalary we at esbaplary aýratyn gyzyklanma döredýär. Türkmen halky bedew atyny bezemekde hiç bir çykdajydan gaçmandyr. Aýtmaklaryna görä, kähalatlarda bir atyň bezegi üçin ulanylýan kümüş onlarça kilograma çenli baryp ýetipdir. Zergärler edil aýal-gyzlaryň şaý-seplerini ýasaýyşlary ýaly, bedew atlar üçin hem şaý-sepleri ýasapdyrlar. Aty bezemek üçin ulanylýan bezeg şaýlarynyň hem özboluşly atlandyrylyşy bolupdyr. Gaş, göwüsbent, doga bagy, maňlaýlyk, alagaýyş ýaly we başga-da birnäçe bezegler atyň görküne görk goşýar.
Synlanyňda kalbyňa aram berýän, çapanyňda köňlüňi joşdurýan gamyşgulak ahalteke bedewlerine guwanyp bakmadyk, keşbine garap buýsanmadyk türkmen barmyka?!
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň goldaw bermegi we aladasy netijesinde saýlama atlaryň baş sanyny artdyrmak, ahalteke bedewleriniň tohumlaryny köpeltmek, kämilleşdirmek babatynda köptaraply işler durmuşa geçirilýär. Gözellikde, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak türkmen bedewiniň şöhraty milli Liderimiziň bimöçber tagallalary bilen ýene-de asyrlara aşyp, dowamat dowam bolar.
Güneşli Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda gurulýan häzirki zaman atçylyk toplumlary atçylyk medeniýetiniň gülläp ösmegi üçin amala aşyrylýan esasy çäreleriň aýdyň subudy bolýar. Meşhur, ýele meňzeş çalt ahalteke atlary ýurdumyzy dünýä tanatdy, bu hakykatdan-da ýeke-täk tohum bolup, çalt, ýyndam, inçe guw boýunly, inçe aýakly, şol bir bada täsin çydamly atlardyr. Türkmenistan türkmen bedewiniň baýramynyň şanly senesini milli baýramçylyklarynyň reýestrine girizilen ýeke-täk ýurtdyr.
Ähli türkmen halkyny, hormatly Prezidentimizi Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Türkmen ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty belentden-belent ýaňlansyn!
Murad NIÝAZMETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.