WELOSIPED SPORTY — SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ NUSGASY
04-06-25

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. 3-nji iýunda Bütindünýä saglyk gününi halkara derejesinde giňden belläp geçmeklik hem döwrebap däpleriň birine öwrüldi. Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen çäreler geçirilýär. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýeligi, beden taýdan taplanmaga ýardam berýänligi, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmäge uly goşant goşýanlygy bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. Şu nukdaýnazardan watandaşlarymyzyň durmuşynda aýratyn orun eýelär.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzda her ýylyň 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary, umumadamzadyň eşretli we ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen teklipleri bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak baradaky Rezolýusiýany kabul etmegi ata Watanymyz Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň ykrarnamasyna öwrüldi. Bu halkara derejeli ykrarnama Garaşsyz Diýarymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da artdyrdy.
Uly üstünliklere, ösüşlere we şanly wakalara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Tutuş ýurdumyzy gurşap alýan uly, ählihalk sport baýramçylyklaryna bagtyýar raýatlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Sport bilen meşgullanyp, ruhubelentligini galdyrýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň gezelenç etmegi, saglygyny berkitmegi üçin welosporty ösdürmek baradaky aladalary ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň ruhubelent ýaşamagynda uly ähmiýet eýeledi.
Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi dünýäniň sport, jemgyýetçilik hem-de habarlar toparlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerini, hususan-da, welosiped sportuny wagyz etmekde ata Watanymyzyň tejribesine, milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň eýeleýän ornuna, şeýle hem geçirilýän degişli çärelere gyzyklanmalaryny has-da artdyrdy.
Bu şanly sene mynasybetli dünýäniň dürli ýurtlarynda hem-de ata Watanymyz Türkmenistanda baýramçylyk dabaralarynyň guralmagy, oňa raýatlarymyzyň we daşary ýurtly wekilleriniň gatnaşmaklary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň goldanylmagynyň subutnamasy boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporta ösüşiň, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmagyň guraly hökmünde garalýar. Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňden ulanýar. Türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanmaklary ýurdumyzyň halkara derejesinde sport abraýynyň artmagyny üpjün edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek ugrunda edilýän tagallalaryň netijesidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde Watanymyz dünýäniň sport merkezleriniň birine, Olimpiýa hereketiniň dabaralanýan ýurduna öwrülýär. Bu günki şatlykly günlerde mähriban halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini Ýer ýüzüne ýaýmakda Türkmenistanyň aýratyn goşandyny dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.
Ynsanperwerligiň, dostanalygyň belent nusgasyny öňe sürýän, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda dyngysyz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Maýsa MOMMYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň öwrenji mugallymy.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.