Döwrebaplaşýan pudak

13-04-22

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokma senagaty pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär. Türkmenistanda tebigy-howa şertlerine laýyklykda, gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Önümçiligiň innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap guralyşynda tebigy pagta süýümi gymmatly çig mal bolup, ol daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň arasynda öňdäki orunlarda durýar.

Pagta çig malyny rejeli we netijeli ulanmak dokma pudagynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, täze gurulýan dokma kärhanalaryna dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze ýokary öndürijilikli enjamlary we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän pagta hasylyny dolulygyna gaýtadan işläp, dürli görnüşli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän, kämil enjamlar bilen üpjün edilen dokma kärhanalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, giň görnüşli dokma önümlerimiz bu gün dünýäniň onlarça döwletine eksport edilýär. Öndürilýän önümleriň halkara hil ölçeglerine hem-de ekologik howpsuzlyga kybap gelmegine uly üns berilýär. Pudagyň kärhanalarynyň önümleri halkara ISO 9001, 9002 we ISO 14001 standartlaryna eýe boldylar. Bu bolsa “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşan bilen çykýan harytlaryň dünýä bazarlarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

Ýokary hil derejeli dokma önümleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň dokma senagatynyň tikinçilik pudagynyň ösüşine, içerki bazaryň ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli taýýar dokma önümleri bilen üpjün edilmegine hem kuwwatly itergi berer, olar import harytlarynyň ýerini tutar, bu bolsa öz nobatynda eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga has giň ýol açar.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de täze önümçilikleri döretmegi, göz öňünde tutýan eksporta niýetlenen önümleriň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi, toplumlaryň ähli düzüm bölümleriniň sazlaşykly ösmegi üçin möhüm şertdir.

Bu pudagyň kuwwatly gaýtadan işleýän binýadynyň döredilmegi netijesinde Türkmenistan dünýäniň dokma önümlerini öndürýän döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagy Diýarymyzyň şöhratyny we abraýyny artdyrýar.

Mähri GYLYÇBAÝEWA, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk umiwersitetiniň talyby.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.