DAŞARY ÝURT DILLERI KÄMIL ÖZLEŞDIRILÝÄR
03-12-25
Taryhy ähmiýetli ösüşdir özgerişleriň ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary döwrebap ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilim ulgamyny hem gurşap alýar. Ýurdumyzyň orta, orta we ýörite ýokary okuw mekdeplerinde innowasion tehnologiýalardan giňden peýdalanylmagy ýaşlaryň düýpli bilim almagyna, daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmegine uly ýardam edýär. Netijede ýurdumyzyň bilim ojaklarynda berilýän bilimiň hili ýokarlanýar.
Döwrebap tehnologiýalaryň, şeýle hem maglumat-telekommunikasion ulgamlaryň ösmegi ýaşlara zerur bolan maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Geljekki hünärmenleriň zähmet işi bilen gös-göni bagly bolan öňdebaryjy tehnologiýalarda işlemegi üçin daşary ýurt dillerini bilmek zerurdyr. Daşary ýurt dillerini okatmagyň, öwretmegiň iň täze ugurlary kemala gelýär, çünki sanly ulgamyň ösmegi bilen, okatmagyň we bilim bermegiň usulyýeti kämilleşýär. Bu ugur esasynda dünýä dillerini öwretmek döwrebaplygy we netijeliligi bilen tapawutlanýar.
Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Ol diňe birek-birek bilen düşünişmek, aragatnaşyk serişdesi bolmak hyzmatyny amal etmän, eýsem depginli ösüş gazanmagyň hem möhüm ugruna öwrülýär. Aslynda, her bir halkyň geçmiş taryhyna, ruhy mirasyna nazar aýlasak, dilleri öwrenmegiň ähmiýeti, zerurlygy baradaky pikirlere köp gabat gelmek bolýar. Köp dil bilen, köp biler. Adamyň akyllysy dil öwrener. Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam. Dil bilen dünýäni açar. Oguz han Türkmenden gözbaş alyp gaýdýan şeýle paýhaslar dilleri öwrenmegiň möhümligine ýene bir gezek şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dilleri öwrenmäge giň mümkinçilikler açyldy. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen karary hut şu zerurlykdan ugur aldy. Bilşimiz ýaly, köp dil bilmek elýetmez baýlyga - ruhy baýlyga eýe bolmakdyr. Dilleri öwrenmek arkaly hünärli ýaşlar ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýarlar. Has takygy, dil aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen ylymlaryň hem çeşmesi hasaplanýar. Daşary ýurt dillerini bilýän kämil hünärmenler dünýäniň ylmy edebiýatlaryny özleşdirmegi başarýarlar. Şonuň üçin hem dil egsilmez baýlyk, ylymlaryň çeşmesi hasaplanýar. Ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde döwrebap usullaryň, kitaplaryň, sözlükleriň ähmiýeti uludyr.
Häzirki wagtda mugallymlar okuwçylaryň okamak ukyplaryny hem ösdürýärler. Okamak daşary ýurt dili öwrenilýän döwürde ýaşlaryň kabul etmeli esasy başarnyklarynyň biridir. Bulardan başga-da, bu diňe bir bilim bermek maksady däl-de, eýsem, daşary ýurt dilini öwrenmegiň serişdesi bolup durýar. Okuwçylar okaýan wagtynda sesleri we harplary, sözleri we grammatikany gaýtalaýarlar, sözleriň ýazylyşyny, sözleriň we söz düzümleriniň manysyny öwrenýärler.
Şeýle hem okuwçylar okamak arkaly daşary ýurt dillerini oňat özleşdirýärler. Okamak bilen diňe bir nätanyş sözler öwrenilip, olaryň dogry aýdylyşy ösdürilmeýär. Okamakda onuň mazmuny hem kesgitlenýär. Eger-de okyjy üçin onuň mazmuny gyzykly bolsa, onda ol has-da netijeli bolar. Okatmagyň esasy maksady talyplary gyzyklandyrmaga, daşary ýurt dillerini has çuňňur öwrenmäge itergi ber-mekdir. Häzirki wagtda dil öwretmegiň netijeli usullary kemala geldi. Şonuň üçin hem daşary ýurt dillerini suwara bilýän ýaşlarymyzyň bardygy bizi diýseň begendirýär.
Ýurdumyzda döwrebap sanly tehnologiýalaryň esasynda döredilýän bu mümkinçilikler bolsa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň barha rowaçlyklara beslenip, giňden dabaralanýandygyny görkezýär.
Jemal ÇARYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.