NESILLERIŇ SAGLYGY – ÝURDUMYZYŇ BAŞ BAÝLYGY
20-09-25
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişe üns merkezinde saklanylýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, derman senagatyny ösdürmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmagyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri berkarar edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik we sport edaralarynda beden hem ruhy taýdan sagdyn, maksadaokgunly, tutanýerli ýaşlary terbiýelemäge möhüm ähmiýet berilýär. Bilim almagyň, akyl zähmeti bilen meşgullanmagyň sport hereketleri bilen sazlaşykly alnyp barylmagy ýaşlaryň diňe bir sagdyn bolmagyna däl, eýsem, olaryň bilimleri özleşdirmeklerine hem oňyn täsirini ýetirýär. Çünki sport ynsanda tertip-düzgünliligi, fiziki we akyl işjeňligi, maksada okgunlylygy kemala getirip, durmuşda üstünlik gazanmaga ýardam edýär. Şol sanda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketleri raýatlaryň saglygyny berkitmäge, iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga hem giň mümkinçilikleri açýar. Sport sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde we watansöýüjiligiň kämil nusgasyny kemala getirmekde hem uly ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak, zyýanly endiklere garşy göreşmek boýunça çäreler hem giň gerimde alnyp barylýar. Dünýäde ynsan saglygyna we jemgyýete ýaramaz täsir edýän närseleriň arasynda temmäki esasy orny eýeleýär. Çünki ol birnäçe howply keselleriň döremegine sebäp bolýar. Adam bedeninde temmäkiniň zäherleýji maddalarynyň täsir etmeýän agzasy ýokdur. Öýken keselleri bilen keselleýänleriň aglabasy çilim çekýänlerdir. Temmäki tüssesi arkaly bedene yzygiderli düşýän zäherli maddalar dem alyş ýollarynda, öýkende, ýürekde, nerw ulgamynda kem-kemden näsazlyklaryň, soňlugy bilen, howply keselleriň döremegine alyp barýar. Çilim çekýän adamyň göreji ir kütelýär. Eşidiş, duýuş we ys alyş ukyplary wagtyndan öň peselýär. Bulardan başga-da, olaryň çagalarynyň arasynda dürli dogabitdi näsazlyklar we kemçilikler bilen dogulmak ähtimallygy ýüze çykýar. Bu ugurda hereket edýän “Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakyndaky” hukuk resminamalarynda hem adamlaryň saglygy, ömrüniň howpsuzlygy bilen bagly meseleler ileri tutulýar.
Ýörite kanunlar esasynda çilimkeşlige we beýleki zyýanly endiklere garşy göreşmek maksady bilen ýurdumyzda düýpli işler amala aşyrylyp, ata Watanymyz Ýer ýüzünde ýaramaz endiklerden arassa döwlet hökmünde göreldedir. Türkmenistan temmäki tüssesinden azat döwlet hökmünde BSGG-niň ýörite güwänamalaryna hem mynasyp boldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 2005-nji ýylda Temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýany kabul etdi. Türkmenistan bu Konwensiýa 2011-nji ýylda goşuldy. Halkyň saglygyny berkitmek, temmäkini ulanmak ýaly ýaramaz endikleriň garşysyna alnyp barylýan göreşi güýçlendirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 - 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” hereket edýär. Ilatyň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak babatda yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Türkmenistan, dünýä derejesinde alanyňda, temmäki önümlerini ulanmakda iň pes görkezijä eýe bolmak bilen, ynsan saglygyna zyýan ýetirýän bu wehimden azat ýurt hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyza bu ugurda halkara guramalar tarapyndan berlen güwänamalar hem tassyklaýar.
Bu gün ýaş türkmenistanlylaryň sporty özlerine hemra edinip, dünýäniň sport äleminde şöhrat gazanmaklary Watanymyzda bu ugurda ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň ajaýyp miwesidir. Uly üstünlikleri bilen Watana şan getirýän türgenlerimiziň Şa serpaýlaryna eýe bolmaklary-da bagtyýar türkmen ýaşlarynyň durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Bu bolsa raýatlaryň saglygyny gorap saklamak babatda edilýän uly tagallalaryň, şonuň ýaly-da bagtyýar nesilleriň ruhy taýdan sagdyn bolmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň esasynda gazanylýar.
Türkmen ýaşlarynyň ýokary derejede bilim almaklaryna, beden taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikleri döredip berýän, bu babatda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan her bir tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Zöhre CARYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç çaga keseller kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.