KÄMIL ÝAŞLAR DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ EÝESI
07-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ýörelgelerimiz, halkymyzyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan däp-dessurlary häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär, ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Şeýle asylly ýörelgeleri, däp-dessurlary ýaş nesillere öwretmek, olaryň bilimli bolmagyny üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesine eýerýän ýaşlar watansöýüji, il-güne wepaly nesiller bolup kemala gelýärler.
Ajaýyp zamanada, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde ylymly, bilimli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýär. Şunda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak, dikeltmek, öwrenmek hem-de milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini wagyz etmek arkaly sagdyn, ýokary ahlakly, bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli geçirilip durulýar. Ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmegi ugrunda döwletli işler amala aşyrylýar.
Häzirki ösüşlere beslenýän döwrümizde ýaşlaryň halkymyzyň milli ýörelgelerine, däp-dessurlaryna eýerip, giň dünýägaraýyşly, ylymly, bilimli bolup ýetişmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr”. Täze taryhy eýýamda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap terbiýelenmegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, zehin başarnyklaryny açmagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesillere milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýe bermek, olara sowat, bilim öwretmek, hünäre ugrukdyrmak işleriniň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda bu ugra aýratyn üns berilýär we bilim ulgamynyň özgertmelerine giň mümkinçilikler döredilýär.
Ylym-bilime oňat düşünýän, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan ussat hünärmenler ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, olaryň dünýäde ykrar edilen okuw maksatnamalarynyň esasynda okadylmagy, täzeçe we düýpli pikirlenip bilýän ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: “Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir” diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaşlaryň ylym-bilimine, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly üns berilýär. Bu bolsa röwşen geljegimiz bolan ýaşlar hakyndaky aladanyň aýdyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgesi ýurduň her bir raýatynyň ajaýyp döwrümizde erkana durmuşda ýaşamagyna, döredijilikli zähmet çekmegine giň şertleri döredýär. Şeýle ajaýyp durmuşyň goýnunda ýaşaýan her bir türkmenistanly Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga borçludyr. Watany jandan eziz söýmegiň ýörelgesini, beýik adamkärçiligiň nusgalyk işleri bilen belent duýgulary kalbymyza guýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gunça MÄMMETDURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.