BAŞ KANUNYM, ÝAŞYL BAÝDAGYM
09-05-25
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň özbaşdaklygynyň, jemgyýetimiziň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň nyşany bolan Döwlet baýdagynyň gününiň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň güni bilen bile bellenilmeginde uly many bar. Ýurdumyz ýaşyl Tugunyň astynda özüniň täze taryhyny döredip, abadançylygyň hem-de ösüşiň nusgasy bolan döwlet hökmünde berkarar boldy.
Her ýylyň 18-nji maýynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly ýagdaýda bilelikde bellenilip geçilýär. Bu ajaýyp baýramçylygyň döwletimiziň Baş kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyz bilen baglanyşdyrylmagynyň çuňňur we taryhy manysy bar. Türkmen halkynyň berkarar we bagtyýar döwlet, agzybirlik we asudalyk baradaky arzuwlary mukaddeslikleriň ikisinde-de öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň hukuk binýady bolmak bilen, ynsanperwerlige, ruhubelentlige badalga berýär, ajaýyp geljege berk ynam döredýär. Konstitusiýanyň kadalary bilen kepillendirilýän hukuklar tutuş halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge ruhlandyrýar. Konstitusiýa Türkmenistan döwletiniň we hukuk ulgamynyň, hukuk tertibiniň esasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwrebap, halkara hukukda ykrar edilen konstitusion döwlet gurluşy, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary, olaryň hukuk goragynyň kepillikleri, halkyň milli we umumadamzat gymmatlyklar ulgamy jemlenýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Baş Kanunymyzda raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny ygtybarly goramagyň hem-de adalatly, ynsanperwer jemgyýeti gurmagyň möhüm kadalary doly berjaý edilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasy ynsan mertebesini belende götermekde, raýatlaryň azat we erkana durmuşyny üpjün etmekde, watandaşlarymyzyň halal, öndürijilikli zähmet çekmek baradaky mizemez hukuklaryny kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Kanunçylyk namalarymyz halkymyzyň öz taryhy tejribesi — ata-babalarymyzdan miras galan gymmatly däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz bilen sazlaşdyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy berkarar döwletimiziň hukuk binýady bolmak bilen, halkymyzyň döwletlilik, demokratiýa we adalatlylyk baradaky ençeme asyrlyk isleg-arzuwlaryny özünde jemleýär. Baş Kanunymyz demokratik özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek boýunça ýetilýän belent sepgitleriň mizemez şerti bolup hyzmat edýär.
Döwlet baýdagymyzyň baky ýaşaýşy we döredijiligi aňladýan ýaşyl reňkinde, milli agzybirligimizi alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý şekillerinde, şanly taryhymyzdan söhbet açýan täsin haly göllerinde, parahatçylygy we bitaraplygy alamatlandyrýan zeýtun şahajyklarynda merdana pederlerimiziň erkin we garaşsyz Watan, berkarar döwlet hakyndaky beýik arzuwlary jemlenendir. Ýaşyl tugumyz dünýä döwletleriniň baýdaklarynyň arasynda belentden pasyrdaýar. Bu bolsa mähriban halkymyzyň hem-de eziz Watanymyzyň uly abraýydyr.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň nyşany hökmünde görnükli ýerde ýerleşdirilen zeýtun baldajyklary milli Baýdagymyza aýratyn öwüşgin çaýyp, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny açyp görkezýär. Bu gün bagtyň, bagtyýarlygyň nyşany bolup al-asmanda parlaýan Döwlet baýdagymyz hakyndaky kanunçylyk hem öz gözbaşyny Konstitusiýadan alyp gaýdýar. Esasy Kanunda berkidilen kada laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halky Esasy Kanunynyň saýasynda ýaşyl Tuguny belentde tutup, bagtyýar geljegine barýar. Bize baky bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gunça ANNAÝEWA,
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň Akdepe etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.