YKBALY GALKYNAN BAGTYÝAR ÝAŞLAR
07-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Durmuşa geçirilýän beýik işlerde halkyň bähbidini, ýurdumyzyň ösüşlerini görýäris, bularyň her biri röwşen geljegimizi üpjün edýär. Şeýle beýik işleri, ägirt uly tutumlary bilen şöhratly taryhymyzyň iň täze sahypalary ýazylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda hem ýurdumyzda ösüşler gazanylyp, uly many-mazmuna eýedir. Şu şöhratly ýylymyzda ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty, nurana geljegi bolan ýaş nesil hakynda alada edilýär, abadan, bagtyýar durmuş üpjün edilýär.
Ýaşlar - ata Watanymyzyň ýagty geljeginiň eýeleri, ertirki ösüşleriniň binýadyny goýjak nesiller. Bu hakykat, sözüň doly manysynda, Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň aýdyň netijelerinde özüniň subudyny tapýar. Hut şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň ýazan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitaby hem ýurdumyzyň ýaş nesline bagyşlandy. Döwlet tarapyndan döredilýän şertler ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda ylym-bilim almagyna, hünär öwrenmegine, sagdyn nesiller bolup ýetişmegine we özleriniň ýagty geljegini gurmaklaryna mümkinçilik berýär. Şeýle ajaýyp şertlerden ruhlanýan türkmen ýaşlary ähli babatda ýokary netijeleri gazanyp, hemmetaraplaýyn kämilleşýärler. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary okamak, döretmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşlarynyň birinde röwşen geljegimiz bolan ýaşlara ýüzlenip, şeýle belledi: “Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys”. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaş nesilleriň bilimleri, ukyp-başarnyklary, belent maksatlary durmuşa geçirmekde berk binýatdyr. Bu belent ynamy ödemek täze taryhy eýýamyň belent ruhly ýaşlarynyň baş maksady bolup durýar. Munuň üçin ýaşlar halkara ülňülerine laýyklykda ylym-bilim öwrenip, dürli hünärleri ussatlyk bilen ele alýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda amala aşyrylýan işler aýratyn orun eýeleýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlar döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda joşgunly zähmet çekýärler, telekeçilik işinde oýlanyşykly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, kämilleşmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle yhlasly zähmetiň oňyn netijeleri olaryň täze taryhy eýýamyň milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünliklere beslenmegindäki mynasyp goşantlarynda aýdyň ýüze çykýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda hem ýaş nesilleriň sagdyn durmuşda ýaşamagy, bilim almagy ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ýaşlar syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik kuwwatyny jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine ulanmaga mümkinçiliklerini giňeltmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýaşlar baradaky şeýle üns-alada bagtyýar nesillerimizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetde, syýasatda we medeni ulgamda alnyp barylýan döwletli işlere has-da işjeň çekmek ýaly asylly maksatlary özünde jemleýär. Watansöýüji, bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Merdan GYZYLOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.