Mertler kalbymyzda baky ýaşaýar

29-04-26

Watana söýgi ähli duýgularyň iň arzylysydyr. Taryhda türkmen halky ata Watanyny, ene topragyny jany-teni bilen söýüp, ony gözüniň göreji deýin gorapdyr. Bu mukaddes toprakda ýürekleri Watan diýip urýan Togruldyr Çagry begler, Alp Arslandyr Görogly beg... ýaşap geçipdir. Olar Watana gulluk etmegiň, ony goramagyň beýik nusgasyny görkezipdirler. Watany goran, oňa hyzmat eden gerçekler bakydyr, olaryň geçen şöhratly ýoly her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir.

Ýurdumyzda her ýyl 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni uly ruhubelentlik bilen giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk Watan üçin edermenligiň beýik nusgasyny görkezmek bilen gazanylan Beýik Ýeňşiň, parahatçylygyň hem-de Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyny artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar» diýip belleýär. Hakykatdan-da, merdana pederlerimiziň taryhyň dürli döwürlerinde Watany söýmegiň we goramagyň belent nusgasyny görkezen ömür ýollary biziň ählimiz üçin görelde mekdebidir.

1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmenistanly gerçekler hem beýlekiler bilen deň hatarda urşuň ilkinji günlerinden başlap, edermenlik, gaýduwsyzlyk bilen söweşip, özleriniň gahrymançylygyny birkemsiz görkezdiler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Beýik Ýeňşe 81 ýyl dolýar. Asyra golaý köp wagtyň geçendigine garamazdan, urşuň ýüreklere salan yzasy henizlerem ýitenok. Adamzat taryhyna öçmez sahypa bolup giren Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen esgerleriniň müňlerçesi mertlerçe söweşdiler, ençemesi bolsa ýeňiş bilen sag-aman ojaklaryna dolandylar.

Geçen asyryň taryhyna iň aýylganç jeň bolup giren 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watan üçin diňe ýeňiş hökmandy. Ähli halk bilen birlikde, türkmen milleti üçin hem bu uruş agyr we ýowuz synag boldy. Şol ýyllaryň dowamynda halkymyzyň merdi-merdanalygy, watansöýüjiligi, agzybirligi, ynsanperwerligi bu synagdan üstünlikli geçdi. Beýik Watançylyk urşunda türkmen esgerleri mertligiň, edermenligiň, gahrymançylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şol gahrymanlaryň arasynda ilkinjileriň hatarynda edermenligiň ýokary nusgasyny görkezen Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň bolmagy uly buýsançdyr. Berdimuhamet aga uruşda ýaralanyp, dogduk Diýaryna gelenden soň hem ýaş nesle bilim-terbiýe bermek işini dowam etdirýär, gysga, ýöne örän manyly ömründe uly işleri bitirýär. Ilhalar ynsan hakynda söhbet açanyňda, Watan goragçylarynyň durmuşynda bu watançy esgeriň zähmeti, tutýan orny nusga alarlykdyr. Şeýle beýik ynsanlaryň görkezen edermenlikleri uly hormata mynasypdyr.

Geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, türkmen halkynyň parahatçylyga, ynsanperwerlige üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Watan üçin söweşen gerçeklerimize Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly hormat goýulýar. 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanynda gaýduwsyzlyk, edermenlik görkezen türkmen esgerleri, tylda ýeňiş üçin ýadawsyz zähmet çeken ildeşlerimiz döwletimiz tarapyndan hatyralanylýar. Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-köpçülik çäreleri ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Aradan köp ýyl geçen hem bolsa, şol ýalynly ýyllarda görkezilen gahrymançylyk biziň kalplarymyzda hemişelik ýaşaýar. Bu ýatlamalar gahrymanlarymyza buýsanç duýgusyny döredýär.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Hydyr AMANOW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. 

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.