Bu toprakda Watanynyň şan-şöhratyny beýgelden gahrymanlar bar

06-05-25

Dünýäniň parahatçylyk söýüji halklary 1941 — 1945-nji ýyllarda gazanylan Beýik Ýeňşiň şanly 80 ýyllygyny uly dabara bilen belleýärler. Şol kyn günleri egni bilen çekenlere, adamzadyň abadan, parahat ýaşamagy üçin söweşenlere, şeýle-de tylda ahlak mertligini görkezenlere uly sarpa goýulýar. Uruş weteranlary, urşuň yzynda galan şol döwrüň gelinleri — häzirki günüň kümüş saçly eneleri maý güllerinden boglan çemenler bilen gutlanylýar. Hormatly Prezidentimiziň adyndan olara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar, baýramçylyk gutlaglary beýan edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň şanly baýramy bolan Ýeňiş güni egsilmez joşgun, uly dabara bilen bellenilýär. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Türkmenistan döwletimiz Beýik Watançylyk ur­şunda gazanylan ýeňşe öz mynasyp goşandyny goşdy. Watandaşlarymyzyň müňlerçesi beýleki halklaryň wekilleri bilen egin­egne berip azatlyk ugrunda söweşdiler. Olaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar, onuň durmuş ýoly häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

1941—1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşunda hem ildeşlerimiz batyrlygyň we gahrymançylygyň gaýtalanmajak nusgasyny görkezdi. Türkmen ýigitleriniň müňlerçesi uruş ýyllarynda Watan goragynda mert durup, gahrymanlarça söweşipdiler. Olaryň müňlerçesi bu gazaply urşuň pidasy boldy. Müňlerçesi bolsa Beýik Ýeňiş bilen, döşleri söweşjeň orden-medally dogduk mekana sag-aman dolanyp geldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda olaryň sarpasy belent tutulýar, merdana ogullaryň atlary ebedileşdirilip, taryha ýazylýar. Çünki, Watanymyza, mähriban halkymyza tüýs ýürekden gulluk etmek bagtynyň miýesser etmegini arzuwlamagy hem “Watan”, “Halk” diýen mukaddes sözleri biz — ýaşlaryň durmuşda hemişe şygar edinip ýaşamalydygymyzy ýene bir gezek tassyklaýar.

Taryhda öz ata Watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar. Türkmeniň edermen serkerdeleri taryhda uly yz galdyryp, özüniň parasatlylygy, mertligi bilen tapawutlanypdyrlar. Megerem, bu   asylly häsiýetler bilen türkmen özüni dünýä tanadandyr. 80 ýyl geçen hem bolsa, ol ýyllaryň gahrymançylykly sahypalary biziň kalplarymyzda hemişe ýaşaýar, öz watandaşlarymyza buýsanç duýgusyny döredýär. Biz olaryň öçmejek şöhratynyň öňünde baş egýäris. Häzirki nesil türkmen halkynyň gahryman ogullarynyň öňünde hemişe borçludyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzihalal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesiller biziň buýsanjymyzdyr.

Türkmenistanly esgerleriň köpüsi urşuň gazaply synaglaryndan doly ýollaryny geçip, görkezen edermenlikleri üçin söweşjeň ordenlere we medallara, olaryň ýüzden gowragy bolsa Gahryman diýen belent ada mynasyp boldular. Milli Gahrymanlaryň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” ýadygärlik kitaplarynda ebedileşdirildi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde uruş weteranlaryna, tylda zähmet çekenlere hem­de uruş weteranlarynyň ýanýoldaşlaryna köp sanly ýeňillikler berildi, olaryň asuda we abadan durmuşy üçin ähli şertler döredildi.

Mertler Watany, Watan bolsa mertleri beýgeldýär. Urşuň gazaply ýyllarynda döş gerip Watanyny goran gahrymanlarymyz eziz Diýarymyzy beýgelden bolsa, bu gün mähriban Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda asuda we parahat ýurdumyz, uly ösüşlere hem oňyn özgertmelere beslenen ata Watanymyz öz gahryman ogullaryny beýgeldýär. Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylygyň, mertligiň, ata Watana wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezen uruş weteranlarynyň, mukaddes ojaklary saklap, tylda zähmet çeken ene-mamalarymyzyň sarpasy bu gün her öý, her maşgalada belentden tutulýar. Olar hiç wagt unudylmaz, çünki mertler ýüreklerde baky ýaşaýar.

Öz halkynyň, tutuş adamzadyň geljegi üçin janlaryny gurban eden gahrymanlaryň ruhlary baky şat bolsun! Gahrymanlarymyzy döwlet derejesinde hatyralamaga, ýatlamaga döreden mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimize alkyş aýdyp, ýurdumyzyň parahat, ilimiziň abat bolmagyny arzuw edýäris.

Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekalogiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiriniň w.w ý.ý., uly mugallym.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.