DIL ÖWRENMEGIŇ INNOWASION USULLARY

09-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim we ylym ulgamynda düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda okatmagyň iň kämil usullary, döwrebap ugurlary durmuşa geçirilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sapakda kompýuter enjamlary, multimedia tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Munuň özi usulyýetiň döwrebap görnüşi bolmak bilen bir hatarda, okuwçylaryň okamaga, öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Netijede, okuwçylar bilimleri tiz özleşdirip guralýan sapaklara oňat düşünýärler. Daşary ýurt dilleri okadylanda okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň iňlis diline bolan söz baýlygyny gazanmak mugallymlaryň baş maksadydyr.

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri alyp barýar. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlary taýýarlamak zerur bolup durýar. Häzirki wagtda sapaklarda multimedia tagtalar, kompýuterler işjeň ulanylýar. Bu işleriň çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde has-da çuňlaşdyrylyp amala aşyrylmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini has-da içgin öwrenmekleriniň kepilidir. Daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyş, okuwçynyň psihologiýa-pedagogik aýratynlyklaryny bilýän, usuly taýdan sowatly mugallym bu ugurdan uly üstünlik gazanyp biler.

Bilşimiz ýaly, innowasiýa tehnologiýalary daşary ýurt dilini we edebiýatyny öwretmegiň esasy maksatlaryny, bilim we aň-bilim işjeňligi, ösdürijilik we döredijilik derejesini durmuşa geçirmek mümkinçiligini berýär. Sapakda okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek üçin geljegi uly metodiki usullaryň ulanylmagy işiň netijesine oňyn täsir edýär. Bu usullar iňlis dili sapaklarynda hem işjeň peýdalanylýar. Lingafon otaglarynda audio ýazgylary okuwçylara diňletmek olaryň söz baýlyklarynyň ösmegine oňyn täsir edýär. Audio ýazgylaryny diňletmek usullaryny utgaşykly, sazlaşykly alyp barmak maksadalaýyk hasap edilýär. Şeýle hem bu usul olaryň akyl işjeňligini, okamak bilen tanyşmak, bilesigelijiligini ösdürmek, gözýetimini giňeltmek, başarnyklaryny artdyrmak arkaly döredijilik ukyplary ösdürilýär.

Topar bilen işlemek ýörelgesi sapaklarda we daşarda özara gatnaşyklara, sapakda okuwçylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy üpjün etmäge, mugallym bilen okuwçylaryň arasynda ynamy artdyrmaga, birek-birege hormat goýmagy borçlandyrmaga we okuwçylary çärelere işjeň çekmäge ýardam edýär. Adaty we innowasion okatmagyň usullary yzygiderli baglanyşykda bolmaly. Okuwda innowasion çemeleşme okuwçynyň sapaga bolan höwesiniň artmagyna mümkinçilik berýär. Daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman talaplarynyň biri hem tekst bilen işlemekdir. Şunuň bilen baglylykda, sapakda häzirki zaman usullary ulanmak özüniň oňat netijelerini berýär. Bu usulda esasy wezipe tekstlere esaslanýan dil materiallaryny öwrenmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle sapaga taýýarlanylanda teksti saýlamaga aýratyn üns berilmelidir. Tekst çeper bolmaly, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryny hem-de öwrenilen materialyň göwrümini göz öňünde tutmalydyr. Soňra deňeşdirme we deňeşdirme derňewi geçirmek üçin umumy tema bilen birleşdirilen dürli awtorlaryň tekstlerini, dürli söz görnüşleriniň tekstlerini derňew üçin ulanmak ýerlikli bolýar. Şeýle sapakda mugallym edebi tekstiň dilini öwretmek bilen birlikde, şahyrana eseri hem okuwçylaryň aňyna ýetirýär. Esasy zat, sapagyň özüne çekiji bolmagy okuwçylarda işlemek, öwrenmek isleginiň artmagyna täsir edýär. Şonuň üçin hem okatmagyň häzirki zaman tejribeleriniň öwrenilmegi okuw işinde ýerlikli ulanylmagy döwrüň talaby bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesliň ylym-bilim almagy üçin ähli amatly şertler döredildi, okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen ylym-bilim edaralary gurlup, ulanmaga berildi, birnäçeleriniň durky täzelenip döwrebaplaşdyryldy. Biz - bilim işgärleri geljekde-de ýaş nesle döwrebap bilim bermekde yhlasymyzy gaýgyrman göreldeli zähmet çekeris. Goý, ähli ulgamlary ösüşlere besleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Çemen KAKYŞOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.

16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.