ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ

26-04-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat ýaşaýşyň hözirini görýän türkmen halkymyz ýurdumyzyň geljekgi eýeleri bolan ýaş nesillerimize, olaryň edep-terbiýesine uly üns berip, bu babatda çäksiz uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary esasynda ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olaryň saglygyny goramak maksady bilen, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Okuw-terbiýeçilik edaralary ösen ylmy-innowasion tehnologiýalar, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiz bolan bagtyýar nesillerimize tälim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna we ylym, bilim, hünär öwrenmeklerine giň ýol açýar.

Çünki çaga maşgalanyň dowamaty hem-de berkleşdiriji güýçdür, bagtyýar çagalar bilen her bir ojak şatlyk-gülki bilen beslenýär. Maşgala döwletiň kiçijik bir bölegi bolup nesliň dowamat bolýan ,däp-dessurlarynyň berjaý edilýän ýeridir. Her bir bagtyýar maşgalada çaganyň dogulmagy iň şatlykly pursatlaryň biridir. Ene ençeme çaganyň arasynda öz bäbeginiň agy sesini seljerip bilýär, göwsüniň syzlamasyndan ukuda ýatan çagasynyň naharlanmak isleýändigini duýýar. Çaganyň sähelçe hereketine süýji ukuda ýatan ene oýanýar. Çaga onlarça enäniň arasyndan öz ejesiniň sesini tanap, diňe şonuň sesine agysyny kesýär, diňe şonuň uzadan eline imrinýär. Çüňki öz ejesiniň mähriniň, süýdüniň, söýgüsiniň ornuny başga hiç bir zadyň tutup bilmejekdigine gowy düşünýär.

Ata-enelerimiz çagalarmyzyň ilkinji terbiýe mekdebi bolup durýar. Şu ýerde şeýle tymsaly mysal getiresim gelýär: “Orta mekdebiň iň sylagly mugallymlarynyň biri ýetmiş alty ýaşyny doldurmagy mynasybetli okuwçysy mugallymyň öýüne barypdyr. Okuwçysy bilen bakjaly gülzarlykda gyzykly gürrüňleri edip duran mugallymyň ýanyna goňşusy gelip, şu bakjadaky gülleriň üstünde çagalaryň wagtal-wagtal gelip top oýnaýandygyny aýdypdyr. Beýle ýagdaýda saňa gül ýetişdirmek kyn düşäýmese ýagşydyr-diýip, ol güllere nebsagyryjylyk bilen nazar aýlapdyr. Sesini çykarmany diňläp duran parasatly mugallym biraz oýlanyp, “Zyýany ýok, goňşy. Goý depgilesinler. Meniň pikirimçe, çaga ýetişdirmek gül ýetişdirmekden has möhüm diýip jogap beripdir”. Çaga terbiýesinde biziň mähriban enelerimiziň orny örän uludyr. Mähriban enelerimiz öz çagalaryny mähir, söýgi, alada bilen gurşap alyp, olara gundagdan başlap süýji arzuwlaryny şirin hüwdülerde uly umyt, ýagşy niýet bilen aýdýarlar, hüwdüniň ýakymly owazy, äheňi, many-mazmuny, gurluş aýratynlygy aýratyn mukaddes, gaýtalanmajak sungatdyr.

Dünýäniň iň meşhur bagşylarydyr aýdymçylarynyň hem hiç biri ussatlykda ene hüwdisiniň derejesine ýetip bilmedik bolsalar gerek. Meşhur Agajan bagşynyň ejesi çagasyny hüwdülän mahaly Marydan Hywa barýan kerwenler ýük ýazdyryp, uzak wagtlap bu owazy diňlär ekenler. Çaga ynsanyň bagtly durmuşymyzyň gözbaşydyr, maşgala diregi hem galasydyr, söýenjidir, güýji hem kuwwatydyr, parahat ýaşaýşyň manysydyr, şu günümiziň daýanjy ertirimiziň geljegidir. Ene-ata perzendini dünýä getirip, onuň bagtly günlerine guwanyp gezýär.

Çagalaryň ezizligi, olaryň mähirliligi hiç wagt unudylyp bolmajak duýgudyr. Ak guş kimin päk ýürekli çagalar durmuşyň güli, bezegi. Çaganyň terbiýesi, bilimi, onuň hukuklaryny goramak maşgalanyň we döwletiň paýyna düşýär. Çaganyň sagdyn ösmegi, gowy ýaşamagy, okap bilim almagy üçin has oňat şertleri döretmek halkara derejesindäki meselä öwrüldi. Belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri netijesinde ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde olary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil nesiller edip ýetişdirmekde tutumly işler alnyp barylýar. Biz hem okuw-terbiýeçilik işimizde ösüp gelýän ýaş nesle bilim terbiýe bermek, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan bilim özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmakda janaýaman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Maral GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.