DIL BILMEK – DÜNÝÄ GÖZ ÝETIRMEK
21-11-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyş döwründe Arkadagly Gahryman Serdary bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem milli Liderimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär.
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” kabul etdi. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Hut şunuň özi hem Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu ugurda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örboýuna galýar. Bu babatda üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Bu ugurda esasan iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirilendir.
Daşary ýurt dillerini bilmek üçin bolsa ilki, öz ene diliňi bilmek esasy şertleriň biridir. Şu ýerde türkmen ýaşlarynyň üç dili bilmeklerini gazanmak bilen çäklenmän, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen türkmen ýaşlaryna beýleki daşary ýurt dillerini öwretmeklik işine hem badalga berilendigi bellärliklidir. Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy daşary ýurt dilleri özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär. Çünki, hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň döwre mynasyp sowatly bolmaklaryny gazanmaklyga aýratyn üns berip, bu ugurda taýsyz tagallalary amala aşyrýar we bizden oňyn netijelere garaşýar.
Bilim ojaklarynda has takygy talyp ýaşlaryň dil öwrenmek derslerinde ýokary innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, bilim beriş usullarynyň soňky gazananlaryna daýanylyp geçilýän sapaklarda dil biliminiň aýratyn üns merkezinde bolmaklygy - geljegiň ýagtylygyndan habar berýär. Sebäbi, aýdyň geljek şu günüň ýaşlarynyň sowatlylygy bilen bagly. Dil bilmek bolsa bilimiň wajyp sütünleriniň biri. Bu gün dünýä bize garaýar, türkmen ýoly dünýä çykýar. Türkmen ýaşlary eşretli eýýamyň gujagynda ýaşap, ýüregini buýsanja, dillerini joşguna besleýär.
Bu günki günde hemişelik Bitaraplygymyzyň we parahatsöýüjilikli syýasatymyzyň astynda dost-doganlyk dillerimizi hasam anyk öwrenip, ýaş nesilleriň dil taýýarlygyny pugtalandyrmakda yhlasly zähmet çekýäris. Daşary ýurt dilleri boýunça sowatlylygy ösdürmäge we hünärimizi kämilleşdirmäge döredip berýän ummasyz mümkinçilikleri üçin, dünýä içre ykrar edilen milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Amangül NAZAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.