Sagdynlyk — baky bagtyýarlyk
29-09-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyş ulgamyny innowasion ýol bilen ösdürmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu işlere mynasyp goşant goşmakda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Eziz Diýarymyzda «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde raýatlarymyzyň saglygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öndürilýän zerur derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary bilen bökdençsiz üpjün etmek ýola goýuldy.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy Garaşsyzlyk ýyllarynda ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermek we pudagy döwrebaplaşdyrmak ugrunda uly üstünliklere ýetildi. Bu ugurda möhüm orny eýeleýän «Saglyk» döwlet maksatnamasy halkyň saglygyny goramak we ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalaryň biridir.
Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşinde ýokary bilimli we tejribeli lukmanlaryň taýýarlanylmagy möhüm ugur bolup durýar. Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde we beýleki degişli okuw mekdeplerinde hünärmenler taýýarlanylýar. Şol bir wagtda lukmanlaryň daşary ýurtlarda tejribe almagyna we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselesine aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda möhüm orun degişli bolup durýar. Lukmançylyk uniwersiteti — munuň özi döwrebap tehnologiýalary we iň gowy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, netijeli hünär okuwy hem-de ylmy-barlag işleri üçin ähli mümkinçilik döredilen iri ylym-bilim merkezidir.
Ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler alym lukman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna, «Türkmenistanda ylymda we tehnologiýada alnyp barylmaly işleriň esasy ugurlaryna” laýyklykda ýerine ýetirilýär. Onuň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň öňe süren özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar, ulgamy döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň giňden badalga beren bilim özgertmelerinde daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleri bilen ysnyşykly, birek-birege bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilen dermanlyk ösümliklerine we tebigy serişdelerine bagyşlanan ylmy işleriň maslahatynyň hem-de oňa gabatlaniň serginiň guralandygy aýdyň mysal bolup biler. Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň möhüm ugurlary boýunça ylmy barlaglary alyp barýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we ulgam üçin ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak boýunça tabşyrygyna laýyklykda, dünýä lukmançylygynda gazanylýan ösüşler hem-de özgerişler bilen aýakdaş gitmek, okuw binýatlarynyň gerimini giňeltmek, ýokary okuw mekdebiň okuw we bejeriş işlerine innowasiýalary girizmek, nazary bilimleri amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler geljekde-de dowam etdiriler.
Goý, halkyň saglygyny berkitmek ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Aýbibi AÝMÄMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.